Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadaky oppozisiýa protestlerinde 1300-den gowrak adam tussag edildi


Polisiýa Moskwadaky protestçileri we oppozisiýa agzalaryny urýar we tussag edýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:40 0:00

Polisiýa Moskwadaky protestçileri we oppozisiýa agzalaryny urýar we tussag edýär

“Amnesty International” guramasy “polisiýanyň protestçileri seljermezden rezin taýak bilen urmagyna we ýere urup ýykmagyna” şaýat bolandygyny aýdýar.

Demonstrasiýçylar resmileriň käbir oppozisiýa kandidatlaryny şäher geňeşine saýlawlara gatnaşmak üçin hasaba almakdan boýun gaçyrmaklaryna garşy protest bildirýärler.

Oppozisiýa liderleri özleriniň hökümetçi kandidatlar bilen bäsleşige goýberilmezligini ýazgaryp çykyş edýärler.

Polisiýa ygtyýar berilmedik ýygnanyşyk mahalynda 1,074 adamyň tussag edilendigini aýtdy, emma garaşsyz OVD-Info guramasy 1,373 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Tussag edilenleriň bir topary agşamlyk azatlyga goýberildi.

Opposiziýa şahsyýetleriniň, geljekde kandidat bolmaly syýasatçylaryň hem birnäçesi, şol sanda Iwan Ždanow, Ilýa Ýaşin we Dmitriý Gudkow dagy hem tussag edildi.

Protest liderleriniň käbiri merkezi Moskwa proteste gatnaşmak üçin gelýän wagtynda, ýolda tussag edildi.

Aleksandra Paruşina, Moskwanyň şäher geňeşiniň deputaty AÝ/AR-nyň “Häzirki pursat” telewideniýesine, Moskwanyň şäher häkiminiň edarasynyň golaýyndaky demonstrasiýaçylary “gazap” bilen dargatmaga çalyşýan polisiýa ofiserlerini Twerskaýa köçesinde öz kelelsine rezin taýak bilen urandygyny gürrüň berdi.

Oppozisiýa protesti basylyp ýatyrylanda Moskwa şäher geňeşiniň deputatyny polisiýa urdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:23 0:00

Halkara günä geçiş guramasynyň Orsýetdäki edarasynyň direktory Natalýa Zwýagina rus häkimiýetleriniň, zorlukly wakalar hakynda ynamdar maglumatlaryň ýokdugyna garamazdan, “ygtyýar berilmedik ýygnanyşygyň öňüni almak üçin harby düzgün mahalyndaka çalymdaş howpsuzlyk çärelerini görüp, Moskwanyň häkimligine barýan ýoly baglap we kärhanalary ýapyp, täze bir peslik derejesine düşendiklerini” aýtdy.

Moskwanyň meri, prezident Putiniň ýakyn ýarany bolan Sergeý Sobýanin bu ýygnanyşygyň öňünden “şäherdäki düzgün-tertibiň üpjün ediljekdigini” duýdurdy.

Moskwadaky ygtyýar berilmedik ýygnanyşyga näçe adamyň gelendigi belli däl, sebäbi häkimiýetler adamlaryňbir ýere köp bolup toplanmagynyň öňüni aldylar.

Polisiýanyň maglumatyna görä, şäher häkiminiň edarasynyň golaýynda 3,500 çemesi adam, şol sanda 700 sany hasaba alnan žurnalist we bloggerler toplandy.

Emma muňa garamazdan, oppozisiýa agzalary ýygnanalaryň möçberiniň has kän bolandygyny aýdýarlar.

Oppozisýa kandidatlarynyň 8-nji sentýabrda geçjek ýerli saýlawlara kandidat hökmünde hasaba alynmazlygy olaryň ýeterlik gol toplap bilmändikleri bilen delillendirildi. Bu ýagdaý şu aýda birnäçe demonstrasiýanyň guralmagyna alyp geldi.

Moskwada 20-nji iýulda guralan ýygnanyşyga 20 müň çemesi adam gatnaşdy.

Alekseý Nawalnyý, tanymal oppozisiýa aktiwist bu demonstrasiýalaryň ret edilen kandidatlar hasaba alynýança dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Moskwa dumasy diýip bilinýän şäher geňeşiniň 45 agzasy bolup, olar güýçli wezipeleri eýeleýär we kanun taslamalaryny teklip etmek, şeýle-de şäheriň 43 milliard dollar möçberindäki býujetiniň nähili harçlanandygyny derňemek hukugyna eýe bolýar.

XS
SM
MD
LG