Demirgazyk Koreýa kiçi aralyga niýetlenen iki raketany atdy diýip, Günorta Koreýa maglumat berýär. Bu Phenýanyň şu hepdäniň dowamynda ikinji gezek raketalary atmagy boldy.
“Demirgazyk Koreýanyň gaýtalanan raketa atyşlary Koreýa ýarymadasyndaky dartgynlylyklary gowşatmak tagallalaryna hemaýat bermeýär” diýip, Günorta Koreýanyň harby komandowaniýesiniň başlygy 31-nji iýulda çykyş etdi.
Beýanatda aýdylmagyna görä, reketanyň ikisi hem iň ýokary, 30 kilometrlik beýiklikde 250 kilometr aralyga atylypdyr.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unuň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen iýunyň aýagynda duşuşyp, denuklerizasiýa boýunça petige dirän gepleşikleri täzeden başlatmak barada ylalaşanlaryndan soň, Phenýan 25-nji iýulda raketany atypdy.
Phenýan muny Günorta Koreýanyň ABŞ bilen planlaşdyrýan bilelikdäki harby türgenleşiklerine garşy edilen duýduryş bolandygyny aýtdy.
Mundan öň, Demirgazyk Koreýa her ýylky harby türgenleşikleriň öňümizdäki aýda geçirilmegine gahar-gazap bildiripdi. Ol bu türgenleşikleri özüne hüjüm etmek taýýarlyklary hökmünde häsiýetlendirýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.