Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada hasaba alynmadyk kandidatlary goldan proteste gatnaşanlaryň öýlerini dökmäge başladylar


Moskwadaky protestleri basyp ýatyryjylar.
Moskwadaky protestleri basyp ýatyryjylar.

Moskwa polisiýasy oppozisiýa lideri Lýubow Sobolyň baş edarasy üçin gol ýygnaýanlara tälim berýän Alekseý Minýaýlonyň öýüni dökdi diýip, garaşsyz syýasy gözegçilik topary topary aýtdy.

OVD-Infonyň aýtmagyna görä, öý döküşlik derňew komitetiniň 27-nji iýulda resmileriň Moskwa şäher geňeşiniň saýlawlarynda dalaşgärlik etmekçi bolan oppozision kandidatlaryň hasaba alynmazlygyna garşy guralan protestleriň garşysyna açan jenaýat işiniň çäginde, 1-nji awgustda geçirildi.

Howpsuzlyk resmileri proteste gatnaşyjylary zorluk bilen basyp ýatyrmaga başlap, OVD-Infonyň maglumatyna görä, 1,373 demonstrasiýacyny tussag etdiler.

Jenaýat kodeksinde atlandyrylyşy boýunça, pitneçilik ýa-da “köpçülikleýin bidüzgünçilige” sebäp bolmak boýunça diýlip häsiýetlendirilen iş 30-njy iýulda açyldy we bu aýyplama boýunça günäli tapylanlara 15 ýyla çenli türme tussaglygyny bermek mümkinçiligi bar.

Derňew açylandan soň, polisiýa 31-nji iýulda proteste gatnaşan adamlaryň, şol sanda çepçi blogyň lideri Wasiliý Kuzminiň, Agora hukuk toparynyň başlygy Pawel Çikowyň hem üstüne barmaga başlady.

XS
SM
MD
LG