Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putine Sibirdäki tokaý ýangynlaryna garşy göreşde kömek teklip edýär


Sibirdäki tokaý ýangynlary
Sibirdäki tokaý ýangynlary

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Waşigtonyň Moskwa bilen aradaky gatnaşyklaryny gowulandyrmak synanyşygynyň çäginde, Orsýete Sibirde giň ýaýran tokaý ýangynlaryny öýürmekde kömek hödürledi.

Tramp kömek teklibini etmek üçin rus prezidenti Wladimir Putine telefon etdi diýip, Kreml öz websaýtynda aýtdy.

Putin Trampa aladasy üçin “ýürekden minnetdarlyk” bildirdi we özüniň bu kömegi ýagdaý talap eden halatynda kabul edip biljekdigini aýtdy.

Sibir giňişliklerinde birnäçe gün bäri möwç alýan tokaý ýangynlary müňlerçe adamyň ewakuasiýa edilmegine sebäp boldy.

Orsýet Sibiriň bäş sebitinde milli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we ýangyna garşy durmak üçin harbylary ýerleşdirdi.

Iki lider telefonda gürleşip durmak we ýüzbe-ýüz duşuşmak barada ylalaşyga geldiler.

XS
SM
MD
LG