Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň daşary işler ministri Mohammed Jawad Zarife garşy sanksiýa girizýär


Eýranyň daşary işler ministri Mohammed Jawad Zarif
Eýranyň daşary işler ministri Mohammed Jawad Zarif

Birleşen Ştatlar 31-nji iýulda Eýranyň daşary işler ministri Mohammed Jawad Zarifiň Birleşen Ştatlardaky ýa ABŞ guramalarynyň gözegçiligindäki islendik emlägini doňdurmak bilen, oňa garşy çäklendiriji çäreleri gördi diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamenti yglan etdi.

Eýranyň ýadro programmasyna garşy çäklendirmeler hem uzaldyldy diýip, döwlet sekretarynyň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.

"Zarif Eýranyň ýokary lideriniň oýlanyşyksyz iş planlaryny durmuşa geçirýär we režimiň dünýä ýüzündäki esasy sözçüsi bolup durýar. Birleşen Ştatlar Eýrana onuň soňky boluşlarynyň düýpden kabul ederlik däldigi hakynda açyk habar iberýär” diýip, gazna sekretary Stiwen Mnuçiniň beýanatynda aýdyldy.

Zarif Eýranyň Birleşen Ştatlar we beýleki ýurtlar bilen öz ýadro programmasy üstünde dörän dartgynlyklary gowşatmak synanyşygyndaky esasy adam boldy, Waşington bu programmanyň arkasynda gizlinlikde ýadro ýaragyny öndürmek niýetiniň bardygyny aýdýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo beýanat çap edip, Zarifiň wezipesiniň esasan Eýranyň ýokary ruhany lideriniň“durnuksyzlaşdyryjy syýasatlarynyň” köpüsini durmuşa geçirmekden yýbaratdygyny we çäklendiriji çäreleriň şu reallyk bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Emläklerini doňdurmak synanyşygynyň üstesine, Waşington Zarifiň syýahat etmek mümkinçiliklerini hem çäklendirer. Emma onuň, berk çäklendirmelere garamazdan, Nýu-Ýorka, Birleşen Milletler Guramasyna sapar etmek mümkinçiligi saklanyp galar.

Zarif twitterde Birleşen Ştatlaryň özüne Waşingtonyň nazarda tutýan işlerine wehim bolansoň sanksiýa girizendigini aýtdy.

"ABŞ-nyň meni Eýranyň “dünýä ýüzündäki esasy sözçüsi” diýip kesgitlemeginiň sebäbi şunda” diýip, Zarif ýazdy.

Soňra ol bu çäklendirmeleriň özüne-de, maşgalasyna-da täsiriniň ýokdugyny, sebäbi özüniň Eýrandan daşarda bähbitleriniň ýokdugyny aýtdy.

Oňuşmazlyklar2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygy sebäpli güýçlendi, Tähran sanksiýalaryň ýatyrylmagyna derek öz ýadro programmasyny berk çäklendirmegi wada berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylda bu ylalaşykdan çekildi we Eýran babatdaky ykldysady sanksiýalary köp ugurda, şol sanda ýurt üçin wajyp bolan nebit we maliýe pudaklarynda hem gaýtadan girizdi.

Şunuň bilen birlikde, milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton 31-nji iýulda Birleşen Ştatlaryň Hytaýyň, Orsýetiň we ÝB ýurtlarynyň Tähran bilen siwil ýadro hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegine girizilen gadaganlygy hem dikeltjekdigini aýtdy.

Fransiýa, Germaniýa we Britaniýa, ylalaşyga gol çeken alty ýurduň üçüsi bu şertnamany saklap galmaga çalyşdy we Tährana käbir ykdysady ýeňillikleri bermek üçin çylşyrymly maliýebarter ulgamyny teklip etdi.

Eýran indiden eýläk özüni bu şertnama astynda borçly hasaplamaýandygyny aýdýar we 1-nji iýulda aşak derejede baýlarşdyrylan urany rugsat berleninden has kän edinendigini aýtdy.

Ylalaşygy halas etmek tagallalaryny soňky hepdelerde London bilen Tähranyň arasynda güýçlenen dartgynlyklar hem çylşyrymlaşdyrdy, bu dawa Eýranyň tankeriniň Gibraltarda, britan baýdakly gäminiň nebit tankeriniň bolsa Hormuz bogazynda saklanmagy bilen başlandy.

28-nji iýulda Wenada galan bäş gol çekijiniň arasynda ýadro ylalaşygyny saklap galmak boýunça kiçijik bir öňegidişlik gazanyldy.

XS
SM
MD
LG