Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Russiýa taryhy INF şertnamasyny bes eden mahalynda, täze ýarag ýaryşynyň döremeginden alada edilýär


Waşington we NATO Russiýany 9M729 ganatly raketany (SSC-8 diýip hem bilinýär) ýerleşdirmek arkaly şertnamanyň düzgünlerini bozmakda gaýta-gaýta aýyplapdy.
Waşington we NATO Russiýany 9M729 ganatly raketany (SSC-8 diýip hem bilinýär) ýerleşdirmek arkaly şertnamanyň düzgünlerini bozmakda gaýta-gaýta aýyplapdy.

2-nji awgustda Birleşen Ştatlaryň we Russiýanyň 31 ýyl dowam eden şertnamadan resmi taýdan yza çekilmegi netijesinde, ýerden atylýan ganatly ýa ballistik raketalary öndürmegi we ulanmagy gadagan edýän möhüm ýadro ylalaşygy bes edildi.

“Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) diýlip atlandyrylýan ikitaraplaýyn şertnamada Sowet Soýuzyna we Birleşen Ştatlara 500-5500 kilometr aralykly ýerden atylýan ganatly ýa ballistik raketalary kämilleşdirmek, öndürmek we ulanmak gadagan edildi. Bu şertnama Birleşen Ştatlaryň prezidenti Ronald Reagan we sowet lideri Mihail Gorbaçýow 1987-nji ýylda gol goýupdy.

“Birleşen Ştatlar Russiýa tarapyndan bile-göre bozulýan şertnamanyň agzasy bolup galmaz” diýip, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Mike Pompeo ABŞ-nyň bu şertnamadan çykmagy barada 2-nji awgustda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

“Russiýanyň şertnamanyň düzgünlerini berjaý etmezligi ABŞ-nyň ýokary bähbitlerine howp abandyrýar. Russiýanyň şertnamany bozýan ganatly raketa ulgamyny ösdürmegi we ýerleşdirmegi Birleşen Ştatlara we onuň ýaranlaryna, şeýle-de partnýorlaryna göni wehim salýar” diýip, Pompeo sözüniň üstüni ýetirdi.

Mundan öň, Waşington we NATO Russiýany 9M729 ganatly raketany (SSC-8 diýip hem bilinýär) ýerleşdirmek arkaly şertnamanyň düzgünlerini bozmakda gaýta-gaýta aýyplapdy.

Şeýle-de, NATO Russiýany şertnamanyň bes edilmeginde aýyplap, Kremliň Ýewropada gysga we orta aralyga ýetýän ýadro raketalaryny ýerleşdirmek barada moratoriý yglan etmek talabynyň ynama mynasyp däldigini, sebäbi Russiýanyň şuňa meňzeş ýaraglary bu ýerde eýýäm ýerleşdirendigini aýtdy.

“Bu ynama mynasyp teklip däl. Sebäbi Russiýa raketalary ýyllar boýy ýerleşdirip gelýär. Eýýäm ýerleşdirilen raketalar boýunça edilen moratoriý teklibine hiç hili ynam ýok” diýip, NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg Brýusslede geçiren metbugat konferensiýasynda aýtdy. Stoltenbergiň bu baradaky çykyşy, “şertnamanyň bes egilmegine Russiýanyň diňe özüniň jogapkärdigi” hakda NATO-nyň ýaýradan beýanatynyň yzýanyna gabat geldi.

“Ýewropada ABŞ-nyň we NATO-nyň täze raketalary ýok. Ýöne bu ýerde Russiýanyň has köp täze raketasy bar” diýip, Stoltenberg aýtdy.

Russiýa özüniň INF şertnamasyny bozmaýandygyny aýdyp, Birleşen Ştatlary ony dargatmakda aýyplady.

“2019-njy ýylyň 2-nji awgustynda Birleşen Ştatlaryň inisiatiwasy bilen, olaryň orta we gysga aralykly raketalarynyň ýok edilmegi boýunça Sowet Soýuzy bilen ABŞ-nyň arasyndaky şertnama... bes edildi” diýlip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdyldy.

Tankytçylar INF şertnamasynyň bes edilmeginiň Birleşen Ştatlar bilen – Sowet Soýuzynyň mirasdüşer döwleti – Russiýanyň arasynda täze ýarag ýaryşynyň döremegine getirip biljekdigini duýdurýarlar.

Moskwa bilen Waşington “Täze START” şertnamasyny nädip we nähili uzaltmak boýunça hem özara gepleşiklere taýýarlanýarlar. Bu şertnama Amerika bilen Orsýet arasynda strategik ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyny çäklendirýän ýarag kontrollygyna degişli ýeke-täk şertnamadyr.

“Täze START” şertnamasynyň möhleti 2021-nji ýylyň fewralynda tamamlanýar, ýöne taraplar ylalaşan halatynda ony ýene bäş ýyl möhlet bilen uzaltmaga mümkinçilik ýok däl.

88 ýaşyndaky öňki sowet lideri Gorbaçýow 1-nji awgustda Russiýanyň “Interfax” habarlar agentliginde çap edilen interwýusynda, Waşingtonyň INF şertnamasyndan çykmak baradaky kararynyň “global syýasaty öňünden çak edip bolmaýan we onuň ösüşini bulaşyk ýagdaýa salandygyny” aýtdy.

Gorbaçýow iki tarapy-da “ünsi global strategik howpsuzlygyň soňky sütüni hökmünde ‘Täze Start’ şertnamasynyň saklanyp galmagyna gönükdirmäge” çagyrdy, ýöne ol “ABŞ-nyň administrasiýa resmileri tarapyndan ýaýradylan beýanatlary nazara alanyňda, geljegiň näbellidigini” hem belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG