Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Trampyň täze ýarag ylalaşygyna goşulmak teklibini oňlamaýar


Orsýetiň SSC-8/9M729 ganatly raketa ulgamynyň komponentleri.
Orsýetiň SSC-8/9M729 ganatly raketa ulgamynyň komponentleri.

Hytaý ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasynda Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky 31 ýyllyk ýarag şertnamasy soňlanandan soň dörediljek täze ýarag ylalaşygyna goşulmak baradaky teklibini oňlamaýar.

Hytaýyň BMG-däki ilçisi Zhang Jun 2-nji awgustda Pekiniň Orta aralyk ýadro ýaraglary şertnamasynyň hereketini bes etmegine gynanýandygyny, emma Pekiniň Trampyň täze ýarag ylalaşygyna goşulmak çagyryşy boýunça hereketini görmeýändigini aýtdy.

INF ýa-da Orta aralyga ýetýän ýadro ýaraglary şertnamasy Sowet Soýuzynyň we Birleşen Ştatlaryň ýerden atylýan we 500, 5500 kilometr aralyga ýetýän ganatly ýa ballistik raketalary işläp düzmegini, öndürmegini we ýerleşdirmegini gadagan etdi.

Bu şertnama 1988-nji ýylda, ABŞ-nyň prezidenti Ronald Reýgan we sowet lideri Mihail Gorbaýçew gol çekeninden soň tassyklanyldy. Birleşen Ştatlar we NATO, 9M729 raketalaryny ýerleşdirmek bilen, Orsýeti bu şertnamanyň düzgünlerini bozmakda aýypladylar.

NATO bu raketany SSC-8 diýip bilýär. Moskwa 9M729-yň 500 kilometr uzaklyga ýetmeýändigini aýdýar we ylalaşygyň bozulmagynda Birleşen Ştatlary günäkärleýär.

XS
SM
MD
LG