Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Demirgazyk Koreýanyň raketa synaglaryna ähmiýet bermeýär 


Phenýan Kim Jong Unyň ýarag synaglaryna gözegçilik edendigini aýtdy. 

Demirgazyk Koreýa täze, köpugurly rateta ulgamyny synag edendigini tassyk etdi, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu hadysa ähmiýet bermän, özüniň soňky günlerde atylan raketalar we beýlekiler bilen “problemasynyň ýokdugyny” aýtdy.

Phenýan 2-nji awgustda lider Kim Jong Unyň Demirgazygyň Günorta Koreýadaky, şol sanda ABŞ-nyň harby bazalaryndaky nyşanalary urmak mümkinçiligini güýçlendirjek raketanyň soňky synaglaryna gözegçilik edendigini aýtdy.

Günorta Koreýanyň harbylary 1-nji awgustda Demirgazyk Koreýanyň bir hepdäniň içindäki ýarag synagynyň üýünji tapgyrynda deňziň içine, öz günorta kenarlaryna iki raketa atandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň we Günorta Koreýanyň harbylary olaryň gysga aralyga ýetýän ballistik raketalara çalymdaş bolandygyny aýdýarlar.

Ekspertler Phenýanyň ýarag synaglaryny ýygjamlaşdyrmagyny togtap galan ýadro gepleşikleri sebäpli Waşingtona basyşy güýçlendirmek niýeti bilen baglanyşdyrýarlar.

Demirgazyk Koreýa özüne ABŞ tarapyndan girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagyny gazanmaga çalyşýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG