Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Iýul iki ýyldan gowrak wagtda Owganystandaky iň ganly aý boldy


Hassahana alnyp barýan ýaraly.
Hassahana alnyp barýan ýaraly.

BMG-niň Owganystandaky kömek missiýasy iýul aýynda ýurtda 1500-den gowrak asuda adamyň öldürilendigini ýa-da ýaradar bolandygyny aýdýar.

Guramanyň 3-nji awgustda çap eden hasabyna laýyklykda, asuda adamlara edilen hüjümleriň dokumentleşdirilen möçberi 2017-nji ýylyň maýyndan bäri islendik aýdakysyndan kän bolup durýar.

Kömek missiýasy asuda adamlaryň arasynda öldürilýänleriň sanynyň birden beýle ýokarlanmagynyň sebäbini jeňçi hüjümleriniň ýygjamlaşmagy bilen düşündirýär.

Hasabatda aýdylmagyna görä, pidalaryň 50 prosentden gowragynyň ejir çekmegine elde ýa-da öý şertlerinde ýasalan partlaýjylaryň ulanylmagy sebäp bolupdyr.

Owganystandaky zorlukly wakalar soňky aýlarda, owgan güýçleriniň we “Talyban” jeňçileriniň dowam edýän parahatçylyk gepleşiklerindäki agramlaryny artdyrmak synanyşyklary esasynda ýygjamlaşdy.

XS
SM
MD
LG