Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Merkezi Aziýa gaz geçirijisi arkaly 9 ýylda 277.4 milliard kub metr tebigy gaz aldy


Milli lybasly dabara gatnaşýan oglan. Arhiw suraty
Milli lybasly dabara gatnaşýan oglan. Arhiw suraty

Hytaý-Merkezi Aziýa gaz geçirijisi şu ýylyň birinji ýarymynda 23 milliard kub metr tebigy gaz geçirdi diýip, Sinhua habar gullugy Urumçydan, Hytaýyň “PetroChina West Pipeline” kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

Bu gaz geçiriji Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinden uç alyp, özbek, gazak topraklaryndan geçip, Sinjiaň uýgur awtonom regionynda Hytaýyň Horgosdaky Gündogar-Günbatar gaz geçirijisine birigýär.

Hytaý kompaniýasy bu geçirijiniň dokuz ýyl bäri işleýändigini, şu döwürde onuň Hytaýa 277.4 milliard kub metr tebigy gaz geçirendigini belläp, bu gazdan Hytaýyň 27 welaýatynda 500 milliondan gowrak adamyň peýda görendigini aýdýar.

Emma habarda gazyň satyn alyş bahasy hakyndaky detallar açylmaýar.

Hytaý habar serişdelerinden tapawutlylykda, türkmen mediasy daşary ýurtlara satylýan türkmen gazynyň möçberi, ýurda nebit we gaz söwdasyndan gelýän girdeji, ol serişdeleriň harçlanyşy barada suwytly maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG