Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda köçe ýaka partlamasynda iki esger öldi


Pakistanyň esgerleri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Pakistanyň esgerleri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Pakistanyň Bajaur tire-taýpalar sebitinde ýüze çykan köçe ýaka partlamasynda azyndan iki esger öldi.

Köçe ýaka bombasy harby ulagyň geçip barýan pursady partladyldy. 5-nji awgustda ýüze çykan bu hadysada bir ofiser we bir esger heläk boldy.

Ýerli resmileriň beren maglumatyna görä, hüjümde başga-da dört esger ýaralanypdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini Pakistanyň “Talybany”, şeýle-de “Terik-e Taliban” ady bilen hem bilinýän topar öz üstüne aldy.

Urdu dilinde ýaýradylan beýanatda köçe ýaka bombasynyň uzakdan dolandyrylyp partladylandygy aýdylýar.

27-nji iýulda “Talybanyň” Demirgazyk Waziristan tire-taýpalar etrabynda amala aşyran hüjüminde alty esger öldürilipdi.

Şol gün jeňçiler Bulujystan welaýatynyň Turbat sebitinde başga-da dört esgeri öldürendikleri barada maglumat ýaýratdylar.

XS
SM
MD
LG