Gündogar Gyrgyzystanda ýerli ilat bilen ýurtdaky hytaý kompaniýasynyň altyn käninde işleýän işçileriniň arasynda turan çaknyşykda onlarça adam ýaralandy.
5-nji awgustda ýerli ilatdan bolan 500 çemesi adam Hytaýyň Žong Ji magdançylyk kärhanasy tarapyndan ýöredilýän täze senagat desgasynyň gurluşyk jaýyna girdiler. Olar bu ýerde hytaýly işçiler bilen dawalaşyp, kompaniýanyň birnäçe ýük ulagyny ele geçirdiler.
6-njy awgustda Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrligi 20 sany hytaýly işçiniň düşen dürli ýaralar sebäpli keselhana äkidilendigini aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, olardan hem birnäçe adam ýaralanypdyr.Gurluşyk ýerinde galan adamlar hytaý kompaniýasynyň magdanly ýerden çekilmegini talap edýärler.
Premýer-ministriň orunbasary Kubatbek Boronow bilen içeri işler ministri Kaşkar Junuşaliew gurluşyk ýerine gelip, ýerli ilaty dagamaga çagyrdylar.
Emma adamlar häkimiýetler bu işi etmese, özleriniň kompaniýanyň desgalaryny bu ýerden goparyp taşlajakdyklaryny aýtdylar.
Ýaňy iýun aýynda mallar köpçülikleýin gyrylansoň, ýerli ilat hytaý kompaniýasyny daş-töweregi zäherlemekde aýyplady. Konflikt hem şondan soňra möwjäp ugrady.
Häkimiýetler topragy barlap, himiki maddalar ýa ýokary derejede radiasiýa tapmandyklaryny aýtdylar.
Muňa garamazdan, dartgynlyk aradan aýrylman, iki ýerli ýaşaýjy hytaýly işçiler bilen urşup, keselhana düşdi.
Şol waka 5-nji awgustdaky çaknyşyklaryň döremegine we munuň netijesinde protestleriň geçirilmegine getirdi.
6-njy awgustda premýer-ministr Muhammedkalýi Abylgazyew konflikt hakda düýpli derňew geçirilmegini buýrup, ýerli ilat konflikti syýasy meselä öwürmeli däl diýip, duýduryş berdi.
Žong Ji Ming kompaniýasy Soltan-Sary altyn känini özleşdirmek boýunça 2012-nji ýylda rugsatnama aldy.
Bilermenleriň çaklamagyna görä, bu ýerde 11 tonna töweregi altyn bar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Mulikowyň özi eden etdilige ýol berdi. Indi ozünede edýärler. Araplarda bir söz bar. Men dakka dukka. Eden tapar diýleni. Tak çto häzirki oturan wezipeli çinowniklerem özlerni pensiýa çykyp gidip oturaryn oýtmesinler. Soňyňyz Mulikowdan üýtgeşik bolmaz eger adam hukugyny depgileseňiz, Konstitusiýadan, kanundan daşlaşsaňyz. Mulikow diýilýan adam ýaranjanlygyň netijesiniň boşdygyny subut etdi. Diýmek ýeri gelende etjekdäl diýmegem başarmaly eken. Anha indi düýnki basgylan kanunlary, adam hukuklary, konstitusiýasy hemme kimden beter özüne gerek bolup dur. Ýone indi giç. Ol giren ýeriňden belki çykarsyň, belki çykyp bilmän o dünýä ötersiň. Örän gynançly waka we soň.
Konstitusiýany üýtgetmekden netije ýok, sistemany üýtgetmeli. Türkmenistan durşuna gözboýagçylyga, korrupsiýa batdy. Muny prezident hem tassyklap, boýun alyp otyr. 2009-njy ýyldan bäri içeri işler ministri bolup işlän resminiň we gümrük gullugynyň ozalky resmisiniň parahor bolandygyny, uly möçberlerde para alyp gelendigini resmi ýagdýada tassyklamak bilen, ýurduň durşuna parahorluga çümendigini gytaklaýyn boýun aldy. Mundan öň, prezident öz wezipä bellän ýokary derejeli resmilerini yzygiderli, ýyllap işden boşadanda, jogapkär işgärleri parahorlukda ýa anyk aýdylmaýan "düýpli kemçileri goýbermekde" aýyplanda hem öz kadrlar syýasatynyň netijesizdigini, belki-de çüýrükdigini tassyk edýärdi. Soňky ýyllarda wezipä bellenen we soňra wezipesinden kowlan onlarça öňki resmi ýurduň ykdysadyýetine näçe zyýan ýetirdi, bu soragy ne prezidente, ne mejlise berip bolýar. Prezidentiň ol adamlary wezipä bellemek bilen goýberen düýpli kemçiliklerden näme netije çykaryldy? Hiç netije. Ne hökümetde, ne metbujgatda bu soraglary gozgap ýa galdyryp bolýar. 30 ýyl bäri şol bir ýagdaý dowam edýär. Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow baş prokuror Gurbanbibi Atajanowany wezipesinden boşadyp, türmä basanda, onuň baş prokuraturany parahana öwrendigini aýdypdy. Şeýle-de Nyýazow häkimleriň ýeriň hakyky eýesini tapman, ony tanyş-bilişlerine satandygyny, öz wizpä bellän resmileriniň tas hemmesiniň ogry bolup çykandygyny boýun alypdy. Bu häzirki prezidentiň döwründe hem şeýle boldy. Emma ol Nyýazow ýaly bolan zady boýun almagy hem başaranok, gaýta "bojak işe çäre ýok" diýip, öz elinden hiç zat gelmeýändigini tassykalýar. Soňundan bolsa, korrupsiýa garşy göreşmegi wada berýär. Muňa kim ynanýar? Eger ol göreşen bolsa, içeri işler minstri on ýyllap para alyp bilermidi? Gepiň gysgasy, prezident hem, onuň wizipä belleýän adamlary hem hiç wagt ýurduň we adamlaryň problemalaryny çözmez, olaryň özi problema!