Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prezidenti ýurduň gündogarynda dört esger öldürilenden soň Putine telefon edendigini aýdýar


Wolodimir Zelenskiý rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşendigini aýdýar.
Wolodimir Zelenskiý rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşendigini aýdýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodimir Zelenskiý 7-nji awgustda, gündogar Ukrainadaky oka tutmalarda dört ukrain esgeri öldürilenden soň, rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşendigini aýdýar.

"Men oňa gyssagly jaň etdim. Men oňa munuň bizi parahatçylyga golaý getirmeýändigini aýtdym” diýip, Zelenskiý Kiýewdäki metbugat brifinginde aýtdy we Putini Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen gürleşmäge, olardan “biziň adamlarymyzy öldürmeklerini bes etmeklerini soramaga” çagyrdym diýdi.

Şeýle-de ol Putiniň özüne bir zatlary wada berendigini we munuň detallaryny biraz soň açjakdygyny aýtdy.

Kreml bu telefon söhbetdeşligi barada düşündiriş bermedi.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi 6-njy awgustdaky beýanatynda separatistleriň Donetsk regionynda ukrain harby pozisiýalaryny dürli ýaraglardan oka tutandygyny aýtdy.

"Duşmanyň şu gün eden hüjümi netijesinde, bizde bar bolan maglumata görä, biziň dört gahrymanymyz ýaralandy we wepat boldy” diýip, beýanatda aýdylýar.

Bu konfliktde 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 13 müňden gowrak adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG