Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Türkiýe bilen serhetleşýän sebitinde iki ofiser öldürildi


Eýranyň kartasy

Eýranyň demirgazyk-günbatar sebitinde Yslam Rewolýusiýa Sakçylarynyň iki agzasy ýaragly jeňçiler bilen çaknyşykda heläk boldy diýip, Eýranyň mediasy maglumat berýär.

Hadysa 7-nji awgustda Eýranyň Türkiýe we Yragyň Kürdistan sebiti bilen serhet araçäklerine golaý Maku regionynda ýüze çykdy.

Makunyň häkiminiň sözlerine görä, ok atyşykda iki ýaş ofiser öldürilipdir we bir esger ýaralanypdyr.

Soňky aýlaryň dowamynda Eýranyň günbatar, Yrak we Türkiýe serhetlerine ýakyn sebitlerinde ýaragly söweşijiler bilen eýran güýçleriniň arasynda çaknyşyklar ýüze çykyp başlady.

Aglaba ýagdaýda hüjümleri düýbi Yrakda ýerleşýän kürt söweşijileri amala aşyrdylar.

Eýranda käbirler ýurduň esasan kürtleriň ýaşaýan sebitlerine garaşsyzlygyň berilmegini talap edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG