Tas 24 sagada çeken gan döküşmeden we döwlet howpsuzlyk güýçleri bilen gapma-garşylykdan soň, ozalky prezident Almazbek Atambaýew göni öz öýünden çykyp, zorlukly gapma-garşylygy soňlamak üçin, polisiýanyň awtoulagyna gelip mündi.
62 ýaşyndaky Atambaýew 8-nji awgustda, polisiýa bir gije ozal ýaşaýan ýerine reýd geçirip, Bişkegiň etegindäki howlusynda tussag etmegi başarmandan soň tussag edildi.
Soňky 24 sagatda bolan zorlukly wakalar Atambaýewe ýüklenilýän günäleriň has köpeljekdigini aňladýar.
Howla zabt edilende Atambaýewi tussag etmegiň başartmazlygy hem polisiýa, hem-de hökümet üçin kemsidiji ýagdaý boldy we olar täzeden ýüzlerçe howpsuzlyk esgerini jemläp, öňki prezidentiň giňiş jaýyna has netijeli zabt etdiler.
Atambaýewiň ýüzlerçe tarapdary howlynyň daşynda polisiýa güýçleri bilen gaça uruş etdi.
Şu aralykda Atambaýew, öz esasy binasynyň içinde, özüniň tussag edilmegi barada gepleşik geçirdi.
"Men özümi alada etmeýärin, eger-de isleseňiz, siz meni edil şu ýeriň özünde atyp hem bilersiňiz, diňe meniň oglanlaryma degmäň" diýip, Atambaýew içeri işler ministriniň orunbasary, jaýyň başga gatynda duran Kursan Asanowa gygyrýar.
“Biz ony etmeris. Men size söz berýärin" diýip, Asanow oňa jogap berýär.
Ol ikisi gepleşikleri dowam etdirýär, Asanow Atambaýewe onuň özüniň tabyn bolandygynyň belleniljekdigini, hiç kime zyýan ýetirilmejekdigini ynandyrýar.
Atambaýew ahyrynda ak köýnek geýip, öz ýany bilen aljak zatlaryna seredişdirýär.
Asanow başga bir otaga geçýär we ol ýerde hüjüm ýaraglarynyň 14 sanysyny, okdan doldurylan 36 okdany, iki sapançany sanaýar.
Ýaraglar sanalandan soň, iki erkek birnäçe adamyň ugratmagynda basgançakdan aşak düşýär we gapydan çykyp, göni polisiýanyň kiçi awtobusyna ýönelýär.
Atambaýew Bişkegiň merkezine, Içeri işler ministrliginiň jaýyna alnyp gidildi.
Mulikowyň özi eden etdilige ýol berdi. Indi ozünede edýärler. Araplarda bir söz bar. Men dakka dukka. Eden tapar diýleni. Tak çto häzirki oturan wezipeli çinowniklerem özlerni pensiýa çykyp gidip oturaryn oýtmesinler. Soňyňyz Mulikowdan üýtgeşik bolmaz eger adam hukugyny depgileseňiz, Konstitusiýadan, kanundan daşlaşsaňyz. Mulikow diýilýan adam ýaranjanlygyň netijesiniň boşdygyny subut etdi. Diýmek ýeri gelende etjekdäl diýmegem başarmaly eken. Anha indi düýnki basgylan kanunlary, adam hukuklary, konstitusiýasy hemme kimden beter özüne gerek bolup dur. Ýone indi giç. Ol giren ýeriňden belki çykarsyň, belki çykyp bilmän o dünýä ötersiň. Örän gynançly waka we soň.
Konstitusiýany üýtgetmekden netije ýok, sistemany üýtgetmeli. Türkmenistan durşuna gözboýagçylyga, korrupsiýa batdy. Muny prezident hem tassyklap, boýun alyp otyr. 2009-njy ýyldan bäri içeri işler ministri bolup işlän resminiň we gümrük gullugynyň ozalky resmisiniň parahor bolandygyny, uly möçberlerde para alyp gelendigini resmi ýagdýada tassyklamak bilen, ýurduň durşuna parahorluga çümendigini gytaklaýyn boýun aldy. Mundan öň, prezident öz wezipä bellän ýokary derejeli resmilerini yzygiderli, ýyllap işden boşadanda, jogapkär işgärleri parahorlukda ýa anyk aýdylmaýan "düýpli kemçileri goýbermekde" aýyplanda hem öz kadrlar syýasatynyň netijesizdigini, belki-de çüýrükdigini tassyk edýärdi. Soňky ýyllarda wezipä bellenen we soňra wezipesinden kowlan onlarça öňki resmi ýurduň ykdysadyýetine näçe zyýan ýetirdi, bu soragy ne prezidente, ne mejlise berip bolýar. Prezidentiň ol adamlary wezipä bellemek bilen goýberen düýpli kemçiliklerden näme netije çykaryldy? Hiç netije. Ne hökümetde, ne metbujgatda bu soraglary gozgap ýa galdyryp bolýar. 30 ýyl bäri şol bir ýagdaý dowam edýär. Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow baş prokuror Gurbanbibi Atajanowany wezipesinden boşadyp, türmä basanda, onuň baş prokuraturany parahana öwrendigini aýdypdy. Şeýle-de Nyýazow häkimleriň ýeriň hakyky eýesini tapman, ony tanyş-bilişlerine satandygyny, öz wizpä bellän resmileriniň tas hemmesiniň ogry bolup çykandygyny boýun alypdy. Bu häzirki prezidentiň döwründe hem şeýle boldy. Emma ol Nyýazow ýaly bolan zady boýun almagy hem başaranok, gaýta "bojak işe çäre ýok" diýip, öz elinden hiç zat gelmeýändigini tassykalýar. Soňundan bolsa, korrupsiýa garşy göreşmegi wada berýär. Muňa kim ynanýar? Eger ol göreşen bolsa, içeri işler minstri on ýyllap para alyp bilermidi? Gepiň gysgasy, prezident hem, onuň wizipä belleýän adamlary hem hiç wagt ýurduň we adamlaryň problemalaryny çözmez, olaryň özi problema!