Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýadaky metjit atyşygynda güman edilýän erkek ozal adam öldürendir öýdülýär


Oslo şäheriniň polisiýasy
Oslo şäheriniň polisiýasy

Norwegiýadaky metjit atyşygynda güman edilýän erkek bu hüjüme başlamazyndan öň, şäheriň başga ýerinde öz garyndaşyny öldürmekde hem güman edilýär diýip, Oslo şäheriniň polisiýasy aýtdy.

Polisiýanyň başlygynyň kömekçisi Rune Skjold 10-njy awgustda žurnalistlere “güman edilýäniň ýaşaýan ýerinde ýaş adamyň jesedi tapyldy” we ol adam ganhorlukda hem güman edilýär diýdi.

Biraz öň polisiýa “akýagyz, ýaş adamyň” norweg paýtagtynyň golaýyndaky “Al-Nur yslam merkezine” guralan ýaragly hüjümden soň tussag edilendigini aýtdy.

Skjold “Reuters” habar gullugyna ol adamyň 20 ýaşlaryndadygyny, şol etrapda ýaşaýan norweg raýatydygyny aýtdy.

Polisiýa metjide gatnaýan adamlaryň ýaragly adama garşy durandygyny we zyýanyň öňüni alandygyny aýtdy. Bir ýaşuly adam ýeňil ýaralandy, emma onuň ok ýarasydygy ýa-da garma-gürmelikde düşen aýradygy anyklanmady.

XS
SM
MD
LG