Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidenti Atambaýewe täze aýyplamalar bildirildi


Ozalky gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew.
Ozalky gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew.

Gyrgyz resmileri ozalky prezident Almazbek Atambaýewe täze aýyplamalary bildirdiler. Atambaýew geçen hepde polisiýanyň zabt etmegi netijesinde öz öýünde tussag edilipdi.

Baş prokuraturanyň 13-nji awgustda beren maglumatyna görä, Atambaýewe beýleki aýyplamalar bilen birlikde resmi wekillere garşy gazaplylyk ulanmak, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamak, adam öldürmek synanyşygyna ýolbaşçylyk etmek aýyplamalary bildirilýär.

Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti ozalky prezidenti döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmak synanyşygynda hem aýyplady.

62 ýaşyndaky Atambaýew 8-nji awgustda, polisiýa bir gije ozal ýaşaýan ýerine reýd geçirip, Bişkegiň etegindäki Koi-Taş obasyndaky howlusynda tussag etmegi başarmandan soň tussag edilipdi.

Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, gapma-garşylykda ýörite güýçleriň hataryndan bir gullukçy ölüpdir, başga-da 170 adam, şol sanda 79 ofiser ýaralanypdyr.

Atambaýew häkimiýetleriň sorag üçin üçünji çakylygyny ret edeninden soň, ony tussag etmek boýunça çäreler görülip başlandy.

Gyrgyz resmileri Atambaýewiň 2011-2017-nji ýyllar aralygynda prezident bolan döwri häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýandygyny aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG