Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp geňeşçileri bilen maslahatlaşansoň, "Talyban" gepleşikleriniň 'dowam etjekdigi' aýdylýar


Owganystandaky ýaraşyk boýunça ýörite wekil Zalmaý Halilzad
Owganystandaky ýaraşyk boýunça ýörite wekil Zalmaý Halilzad

Ak tam prezident Donald Trampyň öz milli howpsuzlyk geňeşçileri bilen owgan parahatçylyk gepleşikleri barada geçiren maslahatynyň “örän gowy” geçendigini we “Talyban” bilen gepleşikleriň “dowam edýändigini” aýdýar.

Resmiler 16-njy awgustda Trampyň ekstremist topar bilen ABŞ goşunlarynyň uruşda tozan Owganystandan çekilmegi we tas 18 ýyllap dowam eden konflikti soňlamagyň syýasy çözgüdini tapmak boýunça geçirilýän gepleşikleri maslahatlaşmak üçin öz ýokary derejeli geňeşçileri bilen duşuşýandygyny aýtdylar.

Tramp bu duşuşykdan soň twitterde “Ýaňy Owganystan boýunça örän gowy maslahaty jemledik. Köp adam bu 19 ýyllyk urşa garşy durýar, onsoň biz, eger mümkin bolsa, ylalaşyk baglaşmakçy bolýarys!” diýdi.

Ak tamyň beýanatynda Trampyň wise-prezident Maýk Pens, döwlet sekretary Maýk Pompeo, goranmak sekretary Mark Esper, milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton, Owganystandaky ýaraşyk boýunça ýörite wekil Zalmaý Halilzad, Birleşdirilen goşun serkerdeleri komitetiniň başlygy Joseph Dunford we Merkezi aňtaw gullugynyň, CIA-niň başlygy Gina Haspel dagy bilen maslahat edendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG