17-nji awgustda irden Ukrainanyň port şäheri Odessada bolan myhmanhana ýangynynda sekiz adam öldi, on adam ýaralandy diýip, ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar gullugy habar berdi.
Prezident Wolodimir Zelenskiý öz feýsbuk sahypasynda hususy hassahanada turan ýangyndan halas edilen on adamyň dördüsiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.
Beýanatda aýdylmagyna görä, ýangyn ýarygijeden sähel wagt soň turdy. Şol wagt myhmanahanada näçe myhmanyň bolandygy, ýangynyň sebäbi aýdylmaýar.
Ýangyn bolan “Tokio Star” myhmanhanasynyň 273 otagy bar. 1 müň kwadrat metr çemesi ýere aýýran ýangyny söndürmek üçin ýangyn söndürijiler üç sagat çemesi tagalla etdiler.
Odessa häkimiýetleri bu ýerden 150 çemesi adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdylar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.