Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana ünsi çekýän satira gepleşikleri we ýurduň Ginnes "teşneligi"


Aşgabatdaky Ginnesiň rekordlar kitabyna giren atyň kellesiniň dünýädäki iň uly heýkeli uzakdan görünýär. Illýustrasiýa suraty.
Aşgabatdaky Ginnesiň rekordlar kitabyna giren atyň kellesiniň dünýädäki iň uly heýkeli uzakdan görünýär. Illýustrasiýa suraty.

Geçen hepde halkara arenasy Türkmenistan bilen bagly wakalara baý boldy.

11-12 – nji awgustda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Halkara ykdysady forumy geçirildi.

Edil foruma gabatlap, halkara arenasynda Türkmenistan bilen bagly, belki-de ýurduň abraýy üçin örän möhüm başga-da bir waka bolup geçdi. Ýagny, 11-nji awgustda düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän HBO kanalynda efire berilýän Last Week Tonight satira gepleşiginiň meşhur alyp baryjysy, asly britaniýaly ýumorist Jon Oliwer tutuş bir gepleşigini Türkmenistanyň prezidentini ýaňsylamaga bagyşlady. Onuň öňýany Comedy Central gepleşiginiň asly Günorta Afrikaly şorta alyp baryjysy Trewor Noah The Daily Show programmasynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan kinaýaly söz açdy.

Geçen hepde türkmen hökümetiniň wagyzçylarynyň ýurtda Günbatara garşy propaganda işlerini alyp barýandygy barada gürrüň eden Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Türkmenistanyň prezidentiniň dünýä belli satira gepleşiklerinde agzalmagy hem-de Türkmenistanyň hökümetiniň Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almaga teşneligi barada gürrüň edilýär.

Biz dünýä belli satira gepleşiklerinde Türkmenistana üns çekilmegi bilen bagly meseläni dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan Dünýä Türkmenleriniň wekilleri bilen gürrüň etdik; gepleşigimize Norwegiýadan Nazar, Türkiýeden Mähri hem-de Çehiýadan ýazyjy Hudaýberdi Hally interwýu berdi.

Türkmenistana ünsi çekýän satira gepleşikleri we ýurduň Ginnes "teşneligi"
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG