Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ýazyjysy ukrain Donbasynda “köp adam öldürendigini” aýdyp öwünýär


Zahar Prilepin
Zahar Prilepin

Kitaplary gowy geçýän we baýrak alan rus ýazyjysy Zahar Prilepin öz gulluk eden harby birikmesiniň gündogar Ukarainada, Donbasdaky konfliktde “köp adam öldürendigini” gürrüň berdi we ol ýerde söweşenine hiç bir ökünjiniň ýokdugyny aýtdy.

15-nji awgustda Russiýa TW-sinde žurnalist Alekseý Piwowarow bilen söhbetdeş bolan Prilepin özüniň komandiriň orunbasary bolan batalýonynyň islendik harby birikmä garanda köp adam öldürendigini aýdyp öwündi.

“Haçanda ähli dokumente seredilse, olar iň köp adamyň meniň batalýonymyň ýerleşen ýerinde öldürilendigini görerler” diýip, Prilepin aýtdy.

Ol özüniň düýşünde ölenleriň ruhuny görüp-görmeýändigi hakynda berlen soraga “Men hiç zat üçin azap ýa ejir çekmeýärin” diýip jogap berdi.

XS
SM
MD
LG