Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howlaňdaky medrese sazçylyk mekdebine berildi


Howlaňdaky köne medresäniň jaýy
Howlaňdaky köne medresäniň jaýy

Howlaň raýonyndaky Hoja Ansori adyndaky öňki medrese ýerli sazçylyk mekdebine berildi. 2013-njy ýylda din barada täze kanun kabul edilenden soň, Kulýab sebitindäki ýeke-täk medrese ýapyldy.

Öňki medrese Howlaňdaky jemgyýetçilik metjidiniň golaýynda ýerleşýärdi. Ol ýerli administrasiýanyň razylygy bilen açylanam bolsa, mydama boş durdy. Howlaň raýonynyň hökümet başlygy Parwiz Akramzoda golaýda bolan metbugat-konferensiýasynda ol jaýda remont-bejergi işleri geçirilensoň, sazçylyk mekdebine berlendigini aýtdy. Onuň sözüne görä, häzirki wagtda öňki medresede iki çagalar saz kollektiwleri bolan «Şaşmakom» hem «Falak» ýerleşýär.

Raýon administrasiýa ýolbaşçysynyň žurnalistlere aýtmagyna görä, ýakyn ýyllarda etrabyň merkezinde sazçylyk mekdebi üçin täze jaý gurlar.

Täjigistandaky iň geň medrese

Hoja Ansori adyndaky medrese hökümet karary bilen 1998-nji ýylda açylypdy. Köpi gören ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, ol baryp 19-njy asyryň aýagynda, halk gahrymany Boseniň gozgalyňy döwründe-de bar eken.

Hökümetler şol sebitdäki ýeke-täk dini okuw jaýy bolan medresäni 2013-nji ýylda ýapmagy karar etdi. Şonda Kulýabyň hökümetindäki din işleri baradaky bölüm medresäniň alyp barýan işi barada hiç bir närazylygyň ýa-da garşylygyň ýokdugyny aýdyp, diňe medresäniň dini ýolbaşçylaryň täze kabul edilen kanuna laýyk, ýaňadan hasaba durmalydygyny hem Respublikanyň bilim ministrliginden şahadatnama – lisenziýa almalydyklaryny aýdypdy. 2015-nji ýylda medresedäki okuwy ýatyryp, 94 okuwçyny öýlerine goýbermeli bolupdylar.

Ol medresede diňe bir ýerli çagalar däl, Reştden, Sogddan hem Bohtaradan gelip, çalar başlangyç dini bilim alýardylar. Okuw töleglidi, her okuwçy bir ýyllyk bilim üçin 600 somoni tölemelidi.

Bikanun dini bilim bermek – 12 ýyl türme tussaglygy

Täjigistandaky soňky dini medrese 2016-njy ýylda ýapyldy. Ýurtdaky yslam bilimini berýän okuw jaýlary aslynda on ýyl mundan öň ýapylyp başlandy. Şol wagtda hökümet muny ýaş täjikleriň ekstremistik toparlara goşulmazlygy üçin edýändigini aýdypdy. Şol wagtdan başlap Täjigistan hökümetiniň Din işleri baradaky komitetiniň lisensiýasy bolmazdan, dini bilim bermek gadagan edildi. Bikanun dini bilim berenlere 5 ýyldan 12 ýyla çenli türme tussaglygy göz öňünde tutuldy.

Şeýle-de bolsa, şol gadagançylyklara garamazdan Täjigistanda 2013-nji ýyla çenli resmi ýagdaýda hasaba alnan 19 medrese işläp geldi. Din meseleleri boýunça täjigistanly ekspert Said Ahmadow Azatlyk Radiosy bilen öňräkki geçirilen bir gepleşikde, hökümetiň hatda “Abu-Hanifa” medresesini-de ýapandygyny aýdypdy. Ol mundan dört ýyl öň iň göreldeli medrese saýylýardy, onuň talyplary pedagogiki okuw jaýlarynda bilimini dowam etdirýärdiler.

2010-njy ýylyň awgustynda prezident Emomali Rahmon kimiň çagasy daşary ýurt medresesinde okaýan bolsa, ony ýurda getirmäge çagyryş etdi. Rahmonyň pikirine görä, «olar ol ýerde molla bolman, eýsem terrorist hem ekstremist bolýarlar». Şonda Täjigistanyň hökümeti dürli kwota bilen yslam okuw merkezlerine gidýän ýaşlaryň köpüsine Täjigistanyň daşynda bolan halkara yslam guramalary tarapyndan stipendiýa berilýändigini, şonuň üçin hökümet olara kontrollyk edip bilmeýändigini aýdypdy. Şol wagtyň özünde-de hökümet ýerli medreseleri ýapyp başlady.

Täjigistanyň hökümetiniň maglumatyna görä, soňky birnäçe ýylyň dowamynda Pakistanyň, Owganystanyň, Müsüriň hem beýleki yslam döwletleriniň medreselerine okuwa giden 3054 ýaş täjigistanlydan, 2896 adam yzyna gaýdyp gelipdir. Ýöne olaryň köprägi Täjigistanyň ýokary okuw jaýlaryna girip bilmändir. Olar zähmet migrantlary bolup, Orsýete işlemäge gitdiler. Ol ýerden bolsa dürli ýollar arkaly ýene-de ýurduň daşyndaky yslam medreselerine düşdüler.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG