Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hukuk topary tussag edilen rus protestçini syýasy tussag hökmünde ykrar etdi


Konstantin Kotow 14-nji awgustda Moskwada geçirilen sud diňlenişiginde

Düýbi Moskwada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Memorial Merkezi rugsat berilmedik protestlere gatnaşmakda aýyplanyp, tussag edilen raýat aktiwistini syýasy tussag hökmünde ykrar edýändigini mälim etdi.

20-nji awgustda ýaýradan beýanatynda topar Konstantin Kotowyň dessine azat edilmegine çagyrdy.

Kotow Russiýanyň 180 günüň içinde rugsat berilmedik protestlere bir sapardan köp gatnaşan adamy jenaýat jogapkärçiligine çekmäge mümkinçilik berýän dawaly kanun esasynda, 15-nji oktýabra çenli deslapky tussaghana ýerleşdirildi.

Kotow 10-njy awgustda garaşsyz dalaşgärleri Moskwanyň geňeşine geçiriljek saýlawlara hasaba alynmagyny talap edilip geçirilen ýörişde tussag edilipdi.

Eger-de, Kotow günäli tapylsa, oňa 5 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG