Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýratyn ýurdy bolmadyk halyfat. Pentagon duýdurýar: “YD” ýaňadan janlanýar


Yrakdaky “YD” muzeýi. Kürt otrýadynyň söweşijisi elde ýasalan bombanyň işleýşini görkezýär. 2019-njy ýylyň 12-nji maýy.
Yrakdaky “YD” muzeýi. Kürt otrýadynyň söweşijisi elde ýasalan bombanyň işleýşini görkezýär. 2019-njy ýylyň 12-nji maýy.

Donald Tramp özüniň prezidentlik kompaniýasynda Yrakdan goşun çykarjakdygyna söz beripdi. Geçen ýylyň dekabrynda beren wadasyny berjaý etmäge wagt ýetendigini ýatlady.

– Biz Siriýada öňden bäri söweş alyp barýarys. Men prezident bolanymdan iki ýyl bäri bu işe gaty çynlakaý girişdik. Biz “yslam söweşijileri” diýilýänini ýeňdik. Biz olary agyr ýitgilere hem ýeňlişe sezewar etdik. Biz olaryň eýelän ýerlerini elinden gaýdyp aldyk. Indi biziň söweşijilerimize öýlerine dolanmaga wagt boldy. Biziň ýurdumyz üçin söweşde ölen soldatlaryň aýallarynyň hatlaryna hem telefon jaňlaryna jogap bermek maňa gaty agyr. Bu beýik borç. Biz olary hatyralaýarys. Ýöne bu ýüregiňi gyýýar. Öýe dolanmaga wagt boldy. Olar ýygnanyşýarlar. Siz olary basym görersiňiz. Olar beýik amerikan gahrymanlary. Olar bütin dünýäniň beýik gahrymanlary. Olar bütin dünýä ýaramazlyk getiren “Yslam döwleti” diýilýäniniň söweşijilerini ýok etdiler. Bu işi bitirendigi üçin, biz olara buýsanýas.

Muňa garamazdan, şu ýylyň fewral aýynda ABŞ-yň Ýakyn Gündogardaky goşunlarynyň komanduýuşisi, general Jozef Botel Senatyň ýaragly güýçler baradaky komitetiniň öňünde çykyş edeninde, “Yslam döwleti” diýilýän toparyň üstünden doly ýeňiş gazanmagyň entek uzakdadygyny aýtdy.

– Ýöne bir zada düşünmek möhüm, “Yd” diýilýäniniň söweşijileriniň elinden olaryň eýelän ýerlerini gaýdyp alanam bolsak, “Yslam döwleti” diýilýän barlyşyksyz ekstremistik topara garşy söweş entek gutaranok, şonuň üçin biziň hyzmatymyz üýtgewsiz galýar. Olary ýeňmek koalisiýa güýçlerine gaty agyr ýagdaýda, dyngysyz hüjümler esasynda başartdy, ýöne “YD-nyň” liderleri, söweşijileri, ýardam berijileri, mümkinçilikleri hem gödek ideologiýasy olary janlandyryp biler. “YD” garşy alnyp barlan söweşiň netijesinde Siriýadaky olaryň eýelän territoriýasy azat bolup, şol ýerlerde howpsyzlyk döredildi hem aşakdan edilýän garşylyklar ýok edildi. ABŞ-yň güýçleri ýagdaýa seredip, biziň ol ýerdäki güýçlerimiziň, öz ýaranlarymyzyň hem ýardamçylarymyzyň maslahaty bilen ýerli şerte görä Siriýany taşlap biler. “Yslam döwleti” diýilýäniniň söweşijileriniň Yrakda hem Siriýada ýaňadan döremeginiň öňüni almak üçin, halkara jemgyýetçiligi bilen bu kampaniýany üznüksiz dowam etdirer ýaly, häzirki wagtda munuň ugurlary işlenip düzülýär.

Kanun çykaryjylaryň sowallaryna jogap beren general Botel Siriýadan goşun çykarmak meselesini prezidentiň takyk özi bilen maslahatlaşmandygyny aýtdy. Prezidentiň hem generalyň aýdanlarynyň deň gelmeýändigini düşündirip, Ak tamyň milli howpsuzlyk baradaky geňeşçisi Jon Bolton bu ýerde aslynda hiç bir dürli pikiriň ýokdugyny mälim etdi.

– Belli bir territoriýada bolan “Yslam döwleti” diýilýäniniň söweşijileriniň ýok edilendigi barada prezidentiň aýdanlary örän aýdyň. Ol hiç haçan belli çäkdäki halyfatyň ýok edilmegi tutuşlygyna “Yslam döwleti” diýilýäniniň söweşijileriň soňuna çykyldygy diýmändi.“Yd-nyň” söweşijileriniň häzir Siriýa hem Yraga dargandygyny we dünýäniň beýleki ýurtlarynda ösüp başlandygyny biz bilýäris. “Yslam döwleti” diýilýäniniň söweşijileriniň howpy saklanyp galýar.

Harby komandowaniýäniň dil üsti basyşy esasynda prezident amerikan gury ýer goşunlarynyň belli böleginiň Siriýada galmagy bilen ylalaşdy.

– Biz Siriýada belli bir wagt üçin 200 adamy galdyrýarys, ýene bir 200 adamy Siriýanyň beýleki bölegi – Ysraýyl bilen serhetde goýýarys. Ine, men size onuň kartasyny getirdim. Şu ýerde gyzyl bilen bellenen ýerler 2016-njy ýylda saýlaw geçen döwründe “Yd-nyň” elindedi. Men prezidentlik wezipäme başlanymda, ol ýerde doly başagaýlyk barýardy. Ine, aşakda bolsa häzirki karta, görýäňizmi, hiç bir gyzyl reňk ýok. Az-kem gyzyl tegmil, ol hem düýn ýok edildi. “Yd” topary öň nähilidi, indi nähili boldy. Bu maňa mundan 20 minut öň başartdy. Bu “Yd-nyň” meniň saýlanan günümdäki ýagdaýy, bu bolsa häzir. Ýagdaý şeýle barýar.

Amerikan goşunlaryny Siriýadan çykarmak barada prezidentiň gelen karary Goranmak ministri Jeýmis Mettisiň öz wezipesinden gitmeginiň bir sebäbi boldy. Indi Pentagonyň baş inspektory Glenn Faýn “Sarsmaz gaýduwsyzlyk” atly harby operasiýalar baradaky nobatdaky çärýek ýyllyk hasabaty Senata ýollady. ABŞ-yň hem onuň ýaranlarynyň Siriýadaky “Yd” garşy alyp barýan kampaniýasy şeýle atlandyrylýar. Ol dokladda aýdylyşyna görä, “Yd” öz eýelän territoriýasyny ýitirenden soňra-da öz ýaşamagyny bes etmeýär. Olaryň Yrakda hem Siriýada 18 müň çemesi söweşijisi galypdyr, olardan 3 müň daşary ýurtly söweşiji dürli ýerlere ýaýrap, partizanlyk urşuny alyp barýar. Olaryň taktikasyna adam janyna kast etmek, bukuda bolup hüjüm etmek, özüni pida edýänleriň teraktlaryny guramak hem ekini ýok etmek girýär.

Grenn Faýnyň dokladyndan aňlanyşyna görä, Siriýadaky Russiýanyň awiabazasyna yzygiderli hüjüm geçirilýär. Soňky gezek 8-nji awgustda ol ýere dört reaktiw snarýad atyldy. Elbetde, snarýadlaryň hiç biri baza ýetmedi, ýöne ýerli ýaşaýjylardan iki adam ölüp, dört adam hem ýaralandy.

Iýul aýynyň ahyrynda Waşingtonyň Ýakyn Gündogaryň metbugatyny öwreniji Instituty “Yslam döwleti” diýilýäniniň söweşijileriniň San-Fransiskony, Nýu-Ýorky hem Londony nazarlaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG