Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýiten, ejir çeken,"islenmeýän". Hindistanda gyzlar nähili ýaşap bilýär


Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatyndan äri tarapyndan gyzy öldürilen ýaş ene gyzynyň suratyny tutup dur.
Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatyndan äri tarapyndan gyzy öldürilen ýaş ene gyzynyň suratyny tutup dur.

Hindistanyň demirgazygyndaky Uttarakhand ştatynyň 132 obasynda soňky üç aýyň dowamynda bir gyz hem dünýä inmändir.

Golaýda ýerli hem federal çinownikler munuň sebäplerini bilmek üçin, bilelikde barlag geçirdiler. Ol ýer tankydyň masgaraçylygyna duçar boldy. Hindistanda jynsy deňeçerligiň bozulmagynyň sebäpleri, jynslar arasyndaky deňagramlylygyň bolmazlygy, şeýle-de aýallara garşy jenaýatyň sanynyň yzygiderli artmagy öňräkden bellidi. Ýöne aglaba köplügi konserwatiw indus erkeklerinden bolan hökümetde meseläni çözer ýaly gös-göni çäreler-de, mümkinçiligem ýok, iň esasy bolsa islegiň bolmazlygy.

Mundan dört ýyl öň Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi uly şowhun bilen «​Beti Baçao, Beti Padhao» («​Gyzyňy halas et, gyzyňy okat») diýen şygary öňe sürdi. Daş-töweregini aýal ministrler, ýazyjy aýal hem bolliwudyň aktrisalary gurşap alan Modi Hindistanyň demirgazygyndaky çetki şäherleriň birinde öňden dowam edip gelýän abortyň, ýaňy dünýä inen çagany jynsy aýratynlygy boýunça öldürmegiň soňuna çykmak barada, duýga berlip çykyş edipdi.

Onuň sözi milli telewideniýe arkaly ýaýradylyp, ähli sosial ulgamlarda goýlanam bolsa, ilat sany boýunça dünýäde ikinji orunda durýan bu uly ýurtda onuň aýdanyna gulak gabardan bolmadyga çalym edýär. Şol sanda Hindistanda şu ýylda doglan çagalaryň sany boýunça Uttarakhand ştatynda gender deňeçerligi iň ýokary derejä ýetdi. Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, ştatyň bir etrabyndaky 132 obada dünýä inen 2160 çaganyň ýekejesi-de gyz däl. Olardan 16 obada soňky alty aýyň dowamynda ýekeje-de gyz çaganyň dünýä ineni hasaba alynmandyr. Ýa olar dogulmandyr, ýa-da dünýä inen badyna öldürilipdir, olar barada hiç bir ýazgy ýok.

Taryhy-medeni taýdan ähli induslaryň arasynda diýen ýaly oglanlaryň şahsyýetine bolan garaýşyň ýokary bolmagy gyzlaryň sanynyň yzygiderli azalmagyna getirdi. Göwredäki çagany jynsy aýratynlygy boýunça barlap, soňra abort etmek, şeýle hem olar üçin zerur bolan şertleriň ýokdugy sebäpli, öz maşgalasynda olara dözümsiz daraşylmagy aýallaryň çakdan-aşa köp ölümine getirdi. Gyz çaganyň dünýä inmezligi, gyzlaryň ezilip-horlanmagy, olaryň öldürilmegi, şol sanda açlykdan, sowukdan, dürli keselden ölmegi, aýallar üçin iň elýeterli gigiena şertleriniň bolmazlygy sebäpli olaryň sanynyň yzygiderli azalmagy ýerli statistiki maglumatlarda «dereksiz ýiten»​ hasaplanýar. 2017-2018-nji ýyllarda günbatarly demograf barlagçylaryň aýan etmegine görä, şular ýaly «dereksiz ýitenler» azyndan 63 million hindi aýaly bolupdyr. Mundan daşary-da 21 million aýal öz maşgalasynda «islenmeýän» topara degişli. Olar gös-göni iýmitden kesilýärler, medisina kömegini almaýarlar hem okuwsyz galýarlar.

Hindistanda 2011-nji ýylda geçirilen umumy ilat ýazuwynda dünýädäki bu ägirt uly demokratik döwletde kämillik ýaşyna ýetmedik müň oglana 919 gyz düşýän eken, 2001-nji ýylda bolsa her müň oglana 927 gyz düşýärdi. Häzir Hindistanda 1 milliard 367 milliondan gowak adam ýaşaýar diýlip çaklanýar. Şu günki günde Hindistanda gyzlaryň sany näçe?

Mumbaýyň çetindäki mähellede ýaşaýan gyzjagaz.
Mumbaýyň çetindäki mähellede ýaşaýan gyzjagaz.

Soňky 20-30 ýylyň dowamynda bir-birini çalşyp gelen ähli hindi hökümetleri täze kanunlary kabul edip, «düşündiriş» işlerini geçirýän milli kampaniýalary ýola goýup, bu meseläni çözmäge çalyşdylar. Meselem, 1994-nji ýylda kabul edilen kanunda göwrede galan çaganyň jynsyny anyklamak üçin prenatal barlag geçirmek hem gyz çagany aýyrmaklyk medisina işgärlerine gadagan edilipdi. Golaýda şol kanuna täze üýtgeşme girizilidi, oňa «Göwrede çaga galandan soňky diagnostika hem ýatgy içgi diagnostikasy» (Pre-Conception and Pre-Natal Diagnostic Techniques Act) diýildi.

Premýer-ministr Narendra Modi öz resmi saýtynda şol kanuny berjaý etmäge gözegçiligiň güýçlenjekdigine söz berdi hem hindi aýallarynyň ýagdaýyny goramak üçin, jemgyýetçilik kampaniýasyny başlatdy. Ýöne ýerli hukuk goraýjy hem aýallaryň hukuklary boýunça synçylar şeýle hereket bilen hökümetleriň ​netije gazanyp bilmejekdigini aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, şeýle kanunlaryň kabul edilmegi meseläni tehniki taýdan çözmäge synanyşykdyr. Aslynda bolsa Hindistanda aýallara hem gyzlara bolan garaýyş, olaryň janynyň gymmatlygyna hem ruhy sagatlygyna bolan garaýyş ýowuz bolmagynda galýar, bu irki geçmişden kök alyp, gadymy däpler bilen berk baglanyşyklydyr.

Çetki obalaryň birinde aýallaryň garşy duruş hereketi, olar nikaly ärleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryna sütemini ýazgarýarlar.

Hindistanda aýallaryň hukuklary hem jemgyýetdäki derejesi barada gürrüň gidende, geň galdyryjy gapma-garşylyklar ýüze çykýar. Meselem, Uttarakhand ştatynda bu ugurdan barlag başlananda, 2019-njy ýylyň iýulynda Hindistanyň ikinji planeta ara awtomatiki kosmos stansiýasy Aýy barlamak üçin uçuryldy. Bu işiň başynda iki aýal: elektronika inženeri Mutaýýa Banita hem aerokosmiki tehnikadan bilermen Rita Karidhal durýar. Ummasyz köp synpy gatlaklar, dürli kastalar, etnoslar – milletler hem köp dürli dini garaýyşlary bolan Hindistanda bir tarapdan millionlarça «ýitýän» aýallar, dogulmaýan gyzlar bar, beýleki tarapdan dünýä belli aýallar, alymlar, ýazyjylar hem aktrisalar bar. Bu geň ýagdaý, elbetde, milli gatlaklar hem geografiki şertler bilen baglanyşykly. Aýry-aýry çet künjeklerdäki garyplykda ýaşaýan toparlarda bilimsizlik hem nadanlyk şäher durmuşyndan ýüz esse pesde.

Narendra Modi «Beti Baçao, Beti Padhao» («Gyzyňy halas et, gyzyňy okat») maksatnamasyny mälim edýär.

Bu heläkçiligiň patriarhal-ykdysady sebäpleri hem az däl, aýratyn-da hindiler arasynda müňlerçe ýyl bäri saklanyp gelýän toý çykdajylaryny gyzyň tarapy çekýär, gyz tarapy durmuşa çykýan oglana köp galyň-serpaý etmeli. Bu düzgün kanun ýüzünde gadagan edilenem bolsa, galyň-serpaý tölemek giň derejede ýaýran. Indi ol düzgün häzirki döwre görä üýtgäp, galyň-serpaýa altyn şaý-seplerden daşary öý-hojalyk enjamlary, syýahatlar üçin tölegler, awtoulag we beýleki gymmatbaha daşlar girýär.

Hindi gelni
Hindi gelni

Baý hindileriň arasynda yzygiderli ýokarlanyp barýan toý çykdajylary akyla sygmajak derejelere baryp ýetdi. Bu bolsa orta hem garyp gatlaga ýaramaz täsir edýär. Hindi media serişdeleri ähli ýaş gyzlara hem ýigitlere geljekde öz taýlaryna gowşanda, gymmat toý harajadynyň soňlugy bilen maşgala nähili agyr düşýändigini, munuň üçin oýlanmalydygyny her günde diýen ýaly duýdurýar. Meselem, şu aýyň başynda belli syýasatçylardan biriniň gyzy durmuşa çykan gyzyň gygyryp kömek soraýan wideo şekilini sosial ulgamda ýerleşdirdi. Ol gyz dalita, iň pes kastadan bolan oglana durmuşa çykany üçin, kakasy oňa ölüm haýbatyny atýar.

Kakasyndan halas bolmaga kömek soraýan gyzyň wideosy

Hindi durmuşyndaky şuňa meňzeş häzirki zaman tehnologiki hem ykdysady serişdeler gadymdan kök alyp gaýdan komserwatizme garşy has köp çykyş edýär. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi aýallaryň ýagdaýyny gowulandyrmak barada köp aýdýar hem olaryň sosial-ykdysady şertlerini gowulandyrmak üçin serişde goýberýär. Şeýle-de bolsa, tankytçylar onuň köneden gelýän aşa berkleşen patriarhal düzgünden aýallary halas edip bilmeýändigini aýdýarlar.

Kalkuttadaky student gyzlar 2017-nji ýylda bu şäherde bolan aýal zorlanmasyna garşy protest bildirýärler.
Kalkuttadaky student gyzlar 2017-nji ýylda bu şäherde bolan aýal zorlanmasyna garşy protest bildirýärler.

Geň tarapy, orta hem uly ýaşly hindi aýallary käbir ýagdaýda şeýle berk konserwatiw düzgüniň tarapynda durýarlar.

Hindistanda iki jynsyň deňeçerliginiň bolmazlygy aýallaryň bahasyny hem galdyrýar. Dörän ýagdaýyň netijesinde, nikasyz gatnaşyklaryň sany artýar. Ýurduň käbir sebitlerinde puly bolmadyk garyp maşgaladan çykan ýaş aýallary satýarlar. Käbir gyzy birnäçe adam bileleşip satyn alyp, soň öz aralarynda «paýlaşýarlar» ýa-da ýaňadan satýarlar. Birnäçe gezek yzly-yzyna satylýan aýallaram bar. Hindistanyň demirgazygyndaky ştatlarda aýallary satyn almak we ýaňadan satmak tejribesi şeýle bir giň ýaýrapdyr welin, aýallar bu ýagdaý bilen öwrenişipdirler, bir ogul dograndan soň, ony başga erkege satýarlar.

Narendra Modiniň baştutanlygyndaky hindi hökümeti aýallaryň hukuklarynyň depgilenmegi hem jynsy taýdan deňeçerligiň bozulmagy barada häzirlikçe dürli ýüzlenmeler bilen çäklenip gelýär. Megerem, bu bolýan heläkçiligiň düýp köklerini boýun almak islemeýärler.

Aleksandr Gostew, Azatlyk Radiosy

XS
SM
MD
LG