Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina bilen Orsýetiň jemi 66 tussagy çalyşjakdygy aýdylýar


Oleh Sentsow bilen Kiril Wişinskiniň ýanaşyk suratlary
Oleh Sentsow bilen Kiril Wişinskiniň ýanaşyk suratlary

Kiýew we Moskwa, aýdylmagyna görä, her tarapdan 33 tussagyň beýleki tarapa berilmegine taýýarlyk görýär. Alşyljak tussaglaryň arasynda geçen ýyl rus güýçleri tarapyndan tutulan ukrain deňizçileri hem boljaga meňzeýär.

RBK media topary ady aýdylmaýan rus çeşmelerine salgylanyp, 22-nji awgustda 33 ukrain raýatynyň berilmegini we 33 rus raýatynyň alynmagyny öz içine alýan alyş-çalşygyň basym boljakdygyny habar berdi.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow RBK-a Moskwa bilen Kiýewiň tussaglary alyşmak barada gepleşik geçirýändigini tassyk etdi, emma anyk zat aýtmady.

Bir çeşmäniň RBK-a aýtmagyna görä, ozal ukrain raýaty bolan we Ukrainada ýokary dönüklik aýyplamasynda aýyplanan rus žurnalisti Kiril Wişinskiý alşyljak tussaglaryň sanawyna girizilmedi, sebäbi Moskwa onuň doly boşadylmagyny isleýär.

Şeýle-de, ukrain kinorežissýory Oleh Sentsowyň çalşyljak tussaglaryň arasynda bolup-bolup bolmajagy aýdyň däl.

XS
SM
MD
LG