Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Mirziýoýewe ýüz tutan geý-aktiwisti polisiýa gözleýär


Geý-aktiwist Şohruh Salimow.
Geý-aktiwist Şohruh Salimow.

Kanun goraýjy guramalar Şohruh Salimowy gözleýärler, ol internetde wideoýüzlenme ýerleşdirip, prezident Şawkat Mirziýaýeweden, Özbegistandaky jynsy taýdan başga meýillileri goramaga çagyryş etdi. Häzirki wagtda Türkiýede ýaşaýan Salimowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Özbegistanda öýlerine baryp, «tussag etmek üçin onuň gözlenýändigi» aýdypdyrlar.

Mundan öňinçä Şohruh Salimow Azatlyk Radiosynyň üsti bilen prezident Şawkat Mirziýaýewe ýüzlenip, Özbegistanyň Jenaýat kodeksinden «beçebazlyk», ýagny erkek adam bilen zyna etmek maddasyny aýyrmagy haýyş edipdi.

20-nji awgustda Azatlygyň habarçysy bilen gepleşende, Şohruh Salimow onuň döwlet ýolbaşçysyna wideoýüzlenmesi goýlandan soň, Özbegistanda kanun goraýjy guramanyň işgärleri olaryň öýüne gelip, hossarlaryna Şohruhyň organ tarapyndan gözlenýändigini aýdypdyrlar.

– Meniň yzymdan öýümize polisiýa gelipdir. Olaryň maksady meni türmede oturtmak eken. Sebäbi meniň prezidente ýüz tutan wideo ýazgym. Özbegistanda bir adamy günäli saýmak üçin, onuň haýsydyr bir jenaýat etmegi hökman däl. Meselem, siziň öýüňize hökümetler ýa-da prezident baradaky pikiriňizi bilmäge gelýärler, men bolsa 120-nji madda garşy çykýaryn. Men şol maddanyň kanundan aýrylmagyny talap edýän hem jynsy taýdan islegleri başgaça bolanlaryň kanun taýdan goralmagyny öňe sürýän. Bu, elbetde, olara ýakmaýar. Olar meniň öýüme sebäpsiz gelmändiler. Bizde kim başyny galdyrsa, onuň kellesini kakýarlar – diýip, Şohruh Salimow aýdýar.

Salimowyň sözüne görä, Özbegistanda ýaşaýan onuň maşgala agzalary bu garaýyş bilen ylalaşmaýarlar, aýratyn-da gomoseksualizmi goldamaýarlar, şonuň üçin ol “öz ýakynlary bilen gatnaşyk saklamaýar”.

Azatlygyň žurnalistine Özbegistanda Şohruh Salimowyň maşgalasyny ýakyndan tanaýan adam bilen gepleşmek mümkin boldy. Onuň aýtmagyna görä, Salimow prezident Şawkat Mirziýaýewe ýüzlenenden soň, goňşulary tarapyndan olaryň maşgalasyna güýçli basyş edilipdir.

​– Olaryň öýüne polisiýa gelip gidenden soň, has agyr psihiki basyşa duçar bolupdyrlar – diýip, Şohruh Salimowyň maşgalasyny ýakyndan tanaýan gürrüňdeşimiz aýdýar.

Azatlyk Radiosy Şohruh Salimowyň maşgalasynyň ýaşaýan mähellesiniň inspektor-polisiýadan bu barada kommentariýa almaga çalyşdy. Ýöne ol geý-aktiwist baradaky biziň sowalymyzy eşidende telefony taşlady.

Şondan soň Azatlygyň habarçysy Salimowyň maşgalasynyň ýaşaýan etrabynyň içeri işler bölümine ýüz tutdy. Bölümiň wekili Azatlyga Şohruh Salimowyň garşysyna hiç hili jenaýat işiniň gozgalmandygyny aýtdy. Ýöne golaýda polisiýa näme maksat bilen Salimowyň öýüne barandygy barada kommentariýa bermekden saklandy.

Özbegistanda beçebazlyk orta derejedäki jenaýat hasaplanýar, onuň üçin bir ýyldan üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulýar.

Düýbi Brýusselde ýerleşen lezbiýankalaryň hem geýleriň Halkara assosiasiýasy (ILGA) 2017-nji ýylda Özbegistany gomoseksualizmi jenaýat hasaplaýan ýurtlaryň sanawyna girizdi.

Postsowet döwletleriň arasynda diňe Özbegistan bilen Türkmenistan gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan we munuň üçin jeza berýän ýurtlardyr.

Özbegistanyň öňki prezidenti Islam Kerimow çykyşlarynyň birinde bir jynsdan bolanlaryň jynsy gatnaşygyny berk tankytlap, muňa «ýaramaz ýagdaý» diýipdi.

Ýatlatsak, Özbegistan 2018-nji ýylyň maýynda BMG-niň adam hukuklary baradaky komitetiniň bir jynsdan bolanlaryň intim gatnaşyklary baradaky 11 teklibini kabul etmändi. Ynsan hukuklary boýunça Milli merkeziň direktory Akmal Saidow özbek hökümetleriniň gelen kararyny düşündirip, BMG-niň teklipleri Özbegistan respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň 120-nji maddasyna garşy gelýär diýdi.

Bu barada prezident Şawkat Mirziýaýewiň garaýşy häzire çenli nämälimligine galýar.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG