Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýanyň lideri maliýe hemaýatyny kabul etmezden ozal, Makronyň ötünç soramalydygyny aýtdy


Braziliýanyň prezidenti Jair Bolsonaro
Braziliýanyň prezidenti Jair Bolsonaro

Braziliýanyň prezidenti Jair Bolsonaro G7 toparynyň Amazonadaky ýangynlar bilen göreşmek üçin hödürlän 22 million dollarlyk hemaýatyny kabul etmegi nazara almazyndan öň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň ondan ötünç soramalydygyny aýtdy.

“Ilki bilen, Makron maňa aýdan kemsidiji sözlerini yzyna almaly” diýip, Bolsonaro 27-nji awgustda aýtdy. Ol Markony özüni “ýalançy” diýip atlandyrmakda aýyplady.

Bolsonaro Makronyň Amazonadaky müňlerçe gektar ýeriň ot almagy boýunça görülýän çäreler baradaky bellikleri bilen Braziliýanyň özygtyýarlylygyny hem sorag astyna alandygyny öňe sürdi.

Bilermenler Amazonadaky ýangynlaryň tutuş dünýäniň daşky gurşasyna howp salýandygyny belleýärler.

Soňky günlerde Makron bilen Bolsonara birek-biregini tankytlap çykyş etdiler.

Fransiýanyň prezidenti Braziliýanyň ýangynlara çemeleşişini tankytlapdy.

Makron Fransiýanyň Biarritz şäherinde geçirilen G7 sammitiniň dowamynda tokaý ýangynlarynyň “halkara krizisi” döredýändigini aýdyp, bu meseläniň çözgüdine garalmagyna çagyrypdy.

“Sözüň doly manysynda, häzir biziň öýümiz ýanýar” diýip, Makron özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Sammitden soň, G7 liderleri ýangynlara göreşmek üçin 22 million dollar möçberinde hemaýaty bermäge razy boldular.

Fransiýanyň tankydyndan soň, Bolsonaro Makronyň aýalyny ýaňsylady we ony Braziliýanyň özygtyýarlylygyny sylamazlykda aýyplady.

Markon Bolsonarony ýalançy atlandyrdy, şeýle-de braziliýaly aýallaryň öz prezidentinden utanýan bolmaklarynyň mümkindigini belledi.

XS
SM
MD
LG