Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň içeri işler ministriniň ozalky orunbasary öý tussaglygyna ýerleşdirildi


Gyrgyzystanyň içeri işler ministriniň ozalky orunbasary Kursan Asanow (arhiw suraty)
Gyrgyzystanyň içeri işler ministriniň ozalky orunbasary Kursan Asanow (arhiw suraty)

Gyrgyzystanyň içeri işler ministriniň ozalky orunbasary Kursan Asanow öý tussaglygyna ýerleşdirildi. Asanow awgustda ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň, iki güne çeken adam pidaly garşy duruşyndan soň, häkimiýetlere boýun bolmagyny ylalaşypdy.

Bişkegiň Birinji Maý etrap sudy 27-nji awgustda giçlik Asanowyň 13-nji oktýabra çenli öý tussaglygyna ýerleşdirilmelidigi barada höküm çykardy. Ol 8-nji awgustda Atambaýew bilen gepleşikleriň dowamynda wezipe borçlarynyň çäginden çykmak aýyplamasy boýunça derňelýär.

Mundan öň, ýagny 13-nji awgustda Asanow “gyrgyz polisiýasynyň bähbitlerine dönüklik etmek we ynamy ýitirmek” kesgitlemesi bilen wezipesinden boşadylypdy.

Baş prokuraturanyň beren maglumatyna görä, Asanow we onuň kömekçisi Damirbek Paýzylda Uulu 7-8-nji awgustda Atambaýewiň tarapdarlary bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky gapma-garşylygyň dowam edýän pursady, ozalky prezidenti we onuň tarapdarlaryny gizlin maglumatlar bilen üpjün etmekde aýyplanýar.

Atambaýewiň öýünde bolan gapma-garşylykda ýörite güýçleriň hataryndan bir ofiser heläk boldy, başga-da 170 töweregi adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG