Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ABŞ-nyň ikinji senatoryna wiza bermekden ýüz öwürdi


Senator Kris Murphy
Senator Kris Murphy

Moskwa barada tankydy garaýyşlaryny beýan ABŞ-nyň ikinji senatory Russiýanyň özüne wiza bermekden ýüz öwürendigini aýtdy.

Demokrat senator Kris Murphy (Chris Murphy) Russiýa resmi sapar etmeli kongres wekiliýet toparynyň düzümine girýärdi.

Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça kommitetiniň agzasy Murphy rus resmileriniň wiza bermekden ýüz öwürendigi baradaky maglumaty 27-nji awgustda özüniň websaýtynda çap etdi, şeýle-de ol “Russiýanyň dialoga gyzyklanma bildirmeýändigini utanç” ýagdaý diýip atlandyrdy.

Mundan bir gün öň, respublikan senator Ron Johnson hem şuňa meňzeş belliklerini beýan edipdi.

“Men Kremliň ýiti tankytçysy bolsam-da, häzirki ýaly dartgynly pursatlarda dialogyň möhümdigine ynanýaryn” diýip, Murphy belledi.

XS
SM
MD
LG