Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky binanyň agmagy netijesinde ölenleriň sany sekize ýetdi


Resmiler bir çaganyň hem ölümine getiren waka boýunça derňewiň başladylandygyny mälim etdiler.

Ukrainanyň günbatarynda bir ýaşaýyş jaýynyň agmagy netijesinde heläk bolanlaryň sany sekize ýetdi diýip, ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy 29-njy awgustda maglumat berdi.

Öten agşam Lwow regionynyň Rohobyç atly şäherinde bir ýaşaýyş jaýy agypdy. Resmiler, ilki başda, hadysada bir adamyň ölendigini aýdypdylar.

Lwowyň regional hökümetiniň resmileri hadysanyň gazyň syzmagy netijesinde dörän partlama sebäpli ýüze çykan bolmagynyň mümkindigini aýtdylar. Partlamada dört gatly binanyň ençeme kwartirasy weýran boldy.

Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy halas ediş işleriniň tamamlanandygyny aýtdy.

Resmiler bir çaganyň hem ölümine getiren waka boýunça derňewiň başladylandygyny mälim etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG