Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow kärdeşi Sergeý Lawrow bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy


Türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow öz rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen du\u\yk wagtynda. Arhiw suraty
Türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow öz rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen du\u\yk wagtynda. Arhiw suraty

Wise-premýer, türkmen DIM-niň başlygy Reşit Meredow 29-njy awgustda öz rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefonda gürleşip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy.

Merewod we Lawrow söhbetdeşligiň dowamynda GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek mejlisine görülýän taýýarlyklar dogrusynda hem pikir alyşdy diýip, türkmen DIM-niň habarynda aýdylýar.

Şeýle-de taraplaryň şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine ýokary baha berendikleri bellenilýär.

SNG.Today neşiriniň maglumatyna görä, türkmen paýtagtynda sentýabrda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň hem mejlisi geçiriler.

XS
SM
MD
LG