Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" Owganystanyň iň uly şäherleriniň biri Gunduza garşy hüjüm edýär


 Gunduz polisyýasynyň başlygy Manzor Stanikzaý Azatlyk radiosynyň Oawgan gullugyna interwiýu berýär. 25-nji awgust, 2019.
Gunduz polisyýasynyň başlygy Manzor Stanikzaý Azatlyk radiosynyň Oawgan gullugyna interwiýu berýär. 25-nji awgust, 2019.

"Talyban" jeňçileri 31-nji awgustda Owganystanyň iň uly şäherleriniň biri Gunduza garşy hüjüme başladylar.

Prezidentiň sözçüsi Sedik Seddiki owgan howpsuzlyk güýçleriniň strategiki taýdan möhüm demirgazyk şäheriň käbir böleklerinde hüjümi yzyna serpikdirendiklerini aýtdy.

“Talybanyň” sözçüsi Zabihullah Mujahid twitterde bu hüjümi “giň gerimli” diýip häsiýetlendirdi.

Şäheriň içinden raketa sesleriniň eşidilýändigi habar berildi, welaýat geňeşiniň agzasy Ghulam Rabani Rabani AP habar agentligine jeňçileriň şäher hassahanasyny basyp alandygyny aýtdy.

Jeňçiler hassahanadaky näsaglary zamun aldylar diýip, Goranmak ministrliginiň sözçüsi Rohullah Ahmadzai Kabulda žurnalistlere aýtdy.

"Biz olara ap-aňsat hüjüm edip biljek, emma siwilleriň ejir çekmegini islemeýäris” diýip, ol aýtdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi Gunduz şäheriniň üç ýerinde geçirilen gury ýer we howa operasiýalary netijesinde azyndan 34 jeňçiniň öldürilendigini, arassalaýyş işleriniň dowam edýändigini aýtdy.

Gunduz 2015-nji ýylda hem “Talybanyň” eline geçipdi we şondan bäri birnäçe gezek hüjüme sezewar boldy.

Bu hüjüm Birleşen Ştatlaryň “Talyban” bilen Owganystandaky 18 ýyllyk konflikti soňlamak üçin gepleşik geçirýän wagtynda guraldy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 30-njy awgustda gepleşikleriň gowy barýandygyny aýtdy.

Bir gün ozal Tramp ABŞ uruşdan tozan Owganystandaky goşunlarynyň möçberini azaltsa-da,“Talyban” bilen parahatçylyk ylalaşygyna gelenden soň hem, bu ýurtda harbylaryny saklamagyny dowam eder diýdi.

XS
SM
MD
LG