Eýran Ýewropa duýduryş berip, onuň 6-njy sentýabra çenli täze şertleri teklip etmelidigini ýa-da Tähranyň 2015-nji ýylda gol goýlan ýadro ylalaşygyndan çetleşmek üçin “güýçli ädim ätjekdigini” aýtdy.
Döwlet eýeçiligindäki IRNA habar agentligi hökümetiň metbugat wekili Ali Rabieiniň sözlerini sitirläp, “köp meseleler boýunça garaýyşlaryň biri-birine ýakynlaşandygyny we häzirki wagt ýewropalylaryň [ýadro ylalaşygyndaky] borçnamalary berjaý etmeginiň ýollary barada tehniki diskussiýalaryň alnyp barylýandygyny” mälim etdi.
Şeýle-de, Rabiei prezident Hassan Rohani bilen fransuz kärdeşi Emmanuel Makronyň arasynda bolan telefon gepleşikleriniň yzýany, Eýran bilen Fransiýanyň garaýyşlary biri-birine ýakynlaşan hem bolsa, ýewropa ýurtlary 6-njy sentýabra çenli täze şertleri teklip etmese, onda Tähranyň ylalaşykdan çetleşmek üçin “güýçli ädim ätjekdigini” aýtdy. 6-njy sentýabr Eýranyň ýadro borçnamalaryny mundan beýläk-de çäklendirmek üçin bellenen senedir.
2-nji sentýabrda Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn we regional meseleleri maslahat etmek üçin Moskwa bardy.
Zarif rus kärdeşi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary, regional meseleleri, şol sanda Siriýany we Owganystany, şeýle-de 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygy boýunça soňky özgerişlikleri maslahat etjekdigini aýtdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?