Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp partlamadan soň owgan parahatçylyk gepleşiklerini goýbolsun edendigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonda “Talyban” liderleri we owgan prezidenti Aşraf Gani bilen planlaşdyryan duşuşygyny Kabulda bolan we 12 adamy, şol sanda amerikan esgerini öldüren ulag partlatmasyndan soň goýbolsun edendigini aýtdy.

Tramp 7-nji sentýabrdaky gaharly twitlerinde özüniň bir günden “gizlinlikde” iki tarap bilen Kemp Deýdidde parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegi planlaşdyrandygyny aýtdy.

Tramp “Talybany” 5-nji sentýabrda ilçihanalaryň, hökümet binalarynyň we NATO-nyň ýerli edaralarynyň ýerleşýän ýerinde ulag bombasyny ýaryp, öz gepleşik güýjüni ýokarlandyrmak synanyşygyny etmekde aýyplady.

"Eger-de olar şunuň ýaly örän wajyp parahatçylyk gepleşikleri mahalynda hem söweşi bes etmäge razy bolup bilmeýän bolsa, hatda 12 sany bigünä adamy öldürýän bolsa, onda olar belki-de hiç wagt doly manyly ylalaşyga gelmäge ukyply däldir” diýip, Tramp öz twitinde aýtdy.

Tramp Owganystanda 18 ýyla golaýlan konflikti soňlap, ABŞ goşunlaryny ol ýerden çykaryp, 2016-njy ýyldaky kampaniýa mahalynda beren wadasyny ýerine ýetirmäge çalyşýar.

“Talyban” şu wagta çenli, Birleşen Ştatlaryň gurjagy atlandyryp, owgan hökümeti bilen gepleşikleri ret edip geldi.

Jeňçi topar soňky günlerde, ABŞ bilen “Talybanyň” arasyndaky gepleşikler söweşi bes etmek baradaky ylalaşyk bilen jemlenjege meňzände, tutuş Owganystanda geçirýän söweş operasiýalaryny güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG