Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň partiýasy Moskwanyň şäher geňeşi saýlawlarynda az ýer alan ýaly bolup görünýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýada ençeme hepde dowam eden hökümete garşy protestleriň yz ýany, ses berijiler prezident Wladimir Putiniň partiýasyndan birneme çetde duran mahalynda, ýurduň häkimiýetdäki partiýasy Moskwanyň şäher geňeşi saýlawlarynda az ýer alan ýaly bolup görünýär.

Putiniň “Birleşen Russiýa” partiýasy Moskwa şäher Dumasyndaky 45 ýerden 26-syna kontrollyk edýär we bu onuň ýerleriň aglaba köpçüligini saklap galmagy üçin ýeterlik diýip, “RIA Nowosti” neşiri sesleriň ählisine golaýy sanalan mahalynda, 9-njy sentýabrda mälim etdi.

Reuters neşiriniň maglumatyna görä, mundan öňki, 2014-nji ýylda geçirilen saýlawlarda partiýa öz adyndan 28 ýere we özi tarapyndan goldanylan garaşsyz dalaşgärler arkaly başga-da 10 ýere eýe bolupdy.

“RIA Nowosti” neşiri 8-nji sentýabrda geçirilen ses berişligiň netijesinde Kommunist partiýanyň 13 ýere eýe bolandygyny habar berdi. Partiýa geçen sapardaky saýlawlarda bäş ýere eýe bolupdy.

XS
SM
MD
LG