Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň ýadro guramasy Eýranyň kämilleşdirilen sentrifugalary ýerleşdirmäge başlandygyny tassyklady


Halkara Atom energiýasy guramasynyň beýanatyna görä, ýerleşdirilen sentrifugalar uran geksaftoridi ýa-da sentrifugalar üçin çig mal bolan UF6 bilen synag geçirmek üçin taýýarlandy.
Halkara Atom energiýasy guramasynyň beýanatyna görä, ýerleşdirilen sentrifugalar uran geksaftoridi ýa-da sentrifugalar üçin çig mal bolan UF6 bilen synag geçirmek üçin taýýarlandy.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro gözegçiligi gullugy Eýranyň urany baýlaşdyrmak üçin ulanylýan has kämilleşdirilen sentrifugalary ýerleşdirmäge başlandygyny tassyklady. Bu Tähranyň 2015-nji ýylda dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen baglaşan ýadro ylalaşygyna ygrarlylygyny kemeltmek boýunça äden iň soňky ädimidir.

Ýerleşdirilen sentrifugalar uran geksaftoridi ýa-da sentrifugalar üçin çig mal bolan UF6 bilen synag geçirmek üçin taýýarlandy diýlip, Halkara Atom energiýasy guramasynyň 9-njy sentýabrda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, gurama hepdäniň ahyrynda bu gurallardan hiç biriniň işledilmändigini hem belledi.

Baýlaşdyrylan uran reaktorlara ýangyç öndürmekde ulanylyp bilner, ýöne ýadro ýaraglar we kämilleşdirilen sentrifugalar Eýranyň potensial ýadro bombasy üçin has çalt material öndürmegine mümkinçilik hem döredip biler.

Tähran öz ýadro ambisiýalarynyň diňe parahatçylyk maksatlydygyny ýyllar boýy aýdyp gelýär.

XS
SM
MD
LG