Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugata syn. Hytaý tutuş Merkezi Aziýada wideogözegçiligi ýola goýmakçy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty
Dünýä metbugatyna syn (2–9 sentýabr, 2019 ý).

Eurasianet neşiriniň ýazmagyna görä, Hytaý adamy ýüz keşbinden tanap bilýän wideogözegçilik ulgamlar toplumyny Merkezi Aziýa eksport etmegi planlaşdyrýar. «Hytaýyň adamy ýüz keşbinden tanap bilýän CEIEC (China National Electronics Import & Export Corporation) kompaniýasynyň önümleri häzir Sin’sýanda ulanylýar, indi bolsa olar bu öňde baryjy tehnologiýa önümini Gyrgyzystana teklip edýärler. Ýöne bu aşa duýgur hytaý ulgamyny häzirki wagtda peýdalanýan Gyrgyzystanyň, şeýle hem Täjigistan bilen Özbegistanyň kanun çykaryjylary öz ýurdunyň graždanlary barada daşary ýurt hökümetine informasiýa berip-bermeýändigi meselesini oýlanmaýarlar. Iň bolmanda Gyrgyzystanda belli wagt aralygynda adamlaryň hereketini yzarlamak bu kompaniýa berilýär, olar bolsa Hytaýyň harby strukturasy bilen berk baglanyşykly. Meselem, Ekwadorda CEIEC tehnologiýasynyň ýygnan maglumatlary ol ýurduň milli aňtaw gullugyna elýeterli. Hytaýyň Huawei tehnologiýa gigantynyň önümlerini Wenesuela, Boliwiýa hem Angola satyn aldylar» diýip, ol çeşme ýazýar.

«Owal başda Gyrgyzystan şu meselede Hytaýyň teklibinden ýüz öwrüp, bu işi amala aşyrmak üçin Russiýanyň «Wega» kompaniýasyny saýlady. «Wega» kompaniýasynyň önümleri ýerleşdirilip başlananda, indi diňe bir ýollardaky hereketi däl, adamyň ýa-da adamlar toparynyň ýüzüni saýgaryp bolýan CEIEC tehnologiýasyny-da işe girizmekçi. Şeýle ýagdaýda bişkekli ýaşaýjylara hüşgär bolmak galýar. 47 ýaşly taksi sürüji Arstan bir graždaniniň şahsy maglumatlary diňe şol döwletiň özüne elýeterli bolup, ol ýurtdan daşardaky haýsydyr bir edara berilmeli däl diýýär. Programmaçy Daniil Wartanow bolsa ‘hytaý kompaniýasy ýerli programmaçylary ýa-da derňew gullugyny satyn alyp, biziň maglumat bazamyza aralaşyp biler’ diýip howatyr edýär.

Bu aralykda Özbegistanyň informasiýa tehnologiýasyny ösdürmek baradaky ministrligi Hytaý kompaniýalary CITIC Group we COSTAR Group bilen şertnama baglaşdy. Olar owal başda bu iş üçin 300 mln. dollarlyk inwestisiýa goýsalar-da, bara-bara ol bahany bir milliard dollara çenli ösdürmekçi. Aýratyn-da, bu proýekt üçin enjamlary Huawei üpjün etmekçi. Prezident Şawkat Mirziýaýew «Howpsuz şäher» inisiatiwasy 2023-nji ýyla çenli bütin ýurtda amala aşyrylmaly diýdi» diýip, ýokarda agzalan neşir ýazýar.

Neşir Merkezi Aziýada wideogözegçiligi ornaşdyrmak işleriniň jemgyýetçilik pikirlerini hem habar serişdeleriniň garaýyşlaryny nazara alynmazdan ýola goýuljak bolunýandygyna gynanç bildirýär.

Moskwanyň ündewi Gyrgyzystan üçin peýdasyz

Washington Post gazeti Orsýetiň propagandasy goňşy döwletlerde pikir edilişi ýaly, o diýen täsirli däl diýen netijä geldi. ABŞ, Russiýa hem Hytaý halkara arenasynda öz täsirini artdyrmak üçin, ýeterlik serişde harçlaýar.

Moskwa
Moskwa

Sosiologlar Teodor Gerber hem Jeýn Zawitska bu ugurdan Gyrgyzystanda sorag-jogap geçirip, rus propagandasynyň bu ýurtda täsiriniň ýokdugyny kesgitledirler.

Barlag işiniň barşynda respondentlerden Orsýet hem ABŞ barada, şeýle hem Ukrainada dowam edýän çaknyşyk hakda pikirler soralypdyr. Merkezi Aziýanyň ösüp barýan bu kiçi döwletlerinde, şol sanda Gyrgyzystanda köpçülikleýin habar serişdeleri o diýen köp däl. Şonuň üçin milletiň 60%-i habar maglumatlaryny rus telekanallaryndan alýarlar. Şeýle-de bolsa, gyrgyzystanlylar Orsýetiň öz içinde dowam edýän syýasy ýagdaý ýa-da Ukrainadaky konfliktler bilen az gyzyklanýarlar. Ýöne ruslardan tapawutlylykda, olaryň bar zat üçin Günbatary günälemek pikirleri ýok. Sorag geçirilen Gyrgyzystanlylardan diňe 13%-i informasiýany Internetden alýan ekeni.

Olary esasy gyzyklandyrýan zat Russiýadaky zähmet migrantlarynyň sosial ýagdaýy hem migrasiýa syýasatyndaky täzelikler. Şol wagtyň özünde jemgyýet internet mümkinçiliklerinden peýdalanmaga o diýen ynamly däl. Şunuň bilen baglanyşykly «Minerwa» sosial barlaglar merkezi «rus propagandasy gyrgyz jemgyýeti üçin o diýen täsirli däl» diýen netijä gelipdir.

Özbegistanyň suw krizisi

The Diplomat žurnaly Özbegistanda suw ýetmezçiligi bilen baglanyşykly mesele hakda bilermeniň pikirini berdi.

«Bu ýurtda sürülýän ýeriň 10% çemesine akar suw barýar. Özbegistanda her jan başyna 531 kubometr süýji suw ýetýär, bu dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda 152-nji orun bolýar. Ýurduň 90% territoriýasy gury çöllükdir. Özbegistan şeýle geografiki şertde ýerleşýändigi, üstesine esasy daýanjy oba hojalygy bolansoň, suw meselesinde goňşulary Täjigistana hem Gyrgyzystana garaşlydyr.

Buharadaky suw desgasy.
Buharadaky suw desgasy.

Islam Kerimowyň ýogalmagy bilen özbek-täjik gatnaşyklary gowulaşdy, ekin ýerlerini suw bilen üpjün etmek meselesindäki gepleşikler aktiwleşdi. Özbegistan suwy peýdalanmak meselesinde Ysraýyldan köp zady öwrenip bilerdi. Jan başyna 91 kubometr süýji suw ýetýän Ysraýyl dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda 172-nji orunda durýar. Ýöne Ysraýyl bu üstünligi örän kyn hem az mümkinçilikli şertlerde gazanýar. Öňki Ysraýyldaky çaňap ýatan çöl damja usulynda suwaryşa geçip, häzir gülläp ösýär. Özbegistan Amyderýa bilen Syrderýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, şeýle netijeleri gazanyp bilerdi.

Mirziýaýewiň alyp barýan açyk syýasaty, onuň halkara gatnaşyklaryny gowulandyrmaga bolan höwesi ýurduň arassa suwa bolan mümkinçiligini artdyrar diýen umyt bar. XX asyrda kömre bolan talap Germaniýa bilen Fransiýany çaknyşyga getiripdi. Hudaýa şükür etmeli, entek Merkezi Aziýada suw resurslary ugrunda çaknyşyk ýüze çykanok» diýip, makalanyň awtory, Jorjtaun uniwersitetiniň uçurymy Aziz Igamow ýazýar. Onuň pikiriçe, resmi Daşkent bu sebitde suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak baradaky gepleşiklere, aýratyn-da özara düşünişmek hem uzak möhletli hyzmatdaşlyga ýolbaşçylyk edip bilerdi.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG