Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp 11-nji sentýabr terror hüjümleriniň ýyl dönüminde “Talybany” owal-ahyrdakydan “berk” urmagy wada berdi


Prezident Donald Tramp Pentagonda gurnalan çärede çykyş edýär. 11-nji sentýabr, 2019.
Prezident Donald Tramp Pentagonda gurnalan çärede çykyş edýär. 11-nji sentýabr, 2019.

Prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlara 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda edilen we Owganystandaky urşa getiren terror hüjümleriniň 18-nji ýyl dönüminde “Talybany” owal-ahyrdakysyndan hem “berk” urmagy wada berdi.

Tramp 11-nji sentýabrda Pentagonda, bu hüjümlerde öldürilen 3 müňe golaý adamyň hormatyna gurnalan çärede, “Talyban” bilen alnyp barylýan parahatçylyk gepleşikleriniň “ölendigini” yglan edeninden birnäçe gün soň çykyp gürledi.

“ABŞ güýçleri soňky dört günde biziň duşmanlarymyzy ozal görülmedik derejede gaty urdy we bu dowam eder” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de prezident jeňçilere Birleşen Ştatlara garşy gaýdyp hüjüm etmezlik barada duýduryş berdi.

ABŞ harbylary “olara owalda-ahyrda görülmedik derejede gaýtawul bererler” diýip, Tramp ýadro ýaraglaryny ulanmagy nazarda tutmaýandygyny belläp aýtdy.

Tramp “Talyban” bilen geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerini jeňçi toparyň Kabulda partladan ulag bombasy we bir amerikan esgeri bilen 11 adamyň öldürmegi sebäpli goýbolsun edendigi barada öň aýdan sözlerini hem gaýtalady.

XS
SM
MD
LG