Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde oppozisiýadaky gyrgyz syýasatçylary gaýtadan sud edilýär


 Ömürbek Tekebaýew we Duýşonkul Çotonow
Ömürbek Tekebaýew we Duýşonkul Çotonow

Bişkek sudy iki oppozisiýa syýasatçyçynyň – Ömürbek Tekebaýewiň we Duýşonkul Çotonowyň gaýtadana geçirilýän sud seljerişligine başlady. Olar awgustda ozalky hökümleri ýatyrylaly bäri öý tussaglygynda saklanýar.

Birinji Maý etrap sudy 12-nji sentýabrda ýokary derejeli iş boýunça gaýtadan sud seljerişligine başlady, sudýa žurnalistlere ses ýazmaga rugsat berilýändigini, emma olaryň sud seljerişligini wideoýazgy edip bilmejekdiklerini aýtdy.

Tekebaýew we Çotonow 29-njy awgustda, Gyrgyzystanyň Ýokary sudy “täze tapylan deliller” esasynda olaryň günäli hökümlerini ýatyryp, işlerini suda yzyna iberenden sekiz gün soňra azat edildi.

Tekebaýew we onuň iş şärigi, ozalky adatdan daşary ýagdaýlar ministri Çotonow 2017-nji ýylda, para almakda günäli tapylyp, hersi sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Emma olaryň ikisi-de günäsizdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG