Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýadaky bosgun lagerlerinde azyndan 575 täjigistanly ýaşaýar


Al-Hol lagerindäki gyzlar.
Al-Hol lagerindäki gyzlar.

Täjik hökümetindäki çeşme Siriýanyň bosgun lagerlerinde häzir maşgalalary “Yslam döwleti” jeňçi toparyna goşulan täjigistanlylaryň azyndan 575 sanysynyň ýaşaýandygyny, olaryň aýallardan we çagalardan ybaratdygyny aýdýar.

Täjik hökümetiniň içindäki çeşme 12-nji sentýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy bilen anonimlik şertinde gürleşip, täjikleriň köpüsiniň Al-Hol bosgun lagerinde ýaşaýandygyny, bu lageriň Siriýanyň demirgazyk-gündogar künjeginden ýerleşýändigini aýtdy.

"Olaryň 90 çemesi aýal, 200-den gowragy gyzlar, 240-dan gowragy bolsa oglanlar” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, çagalaryň käbiri 1 ýaşynda, köpüsi ýetim.Olaryň köpüsi bu lagere 2019-njy ýylyň başynda, Baghuzdaky YD söweşijilerinden halas edilenlerinden soň gelipdir.

"Bu gutarnykly maglumat däl, hakykatda bu ýerdäki täjik raýatlarynyň sany has kän hem bolup biler” diýip, täjik hökümetindäki çeşme aýtdy.

XS
SM
MD
LG