Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý Trampyň ukrain harbylary üçin $250 million kömegi goýbermegine ‘minnetdar’ boldy


Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa öz ýurduna harby kömek üçin berilýän 250 million dollar üçin sagbolsun aýtdy, ozal Ak tamyň bu meselä gaýtadan seretjekdigi habar berlipdi.

Harby kömek esasan Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistlere garşy göreşýän ukrain güýçlerine tälim bermek we olary enjamlaşdyrmnak üçin ulanmaga niýetlenýär. Gündogar Ukrainada bäş ýyldan gowrak bäri dowam edýän uruşda 13 müňden gowrak adam öldürildi.

"Men ondan minnetdar, oňa sagbol aýdýaryn” diýip, Zelenskiý 13-nji sentýabrda, Ak tam özüniň bu kömege garşylygyny goýbolsun edeninden bir gün soňra aýatdy.

Zelenskiý ukrain tüçjary Wiktor Pinçuk tarapyndan Kiýewde guralan ýyllyk Ýalta Ýewropa strategiýasy duşuşygynda çykyp gürläp, Birleşen Ştatlary “möhüm strategik hyzmatdaş” atlandyrdy.

Ak tam, görnüşinden korrupsiýa aladalary we bu serişdäniň mundan aňryk hem Amerikanyň daşary syýasat bähbitlerine ulanylmagyny üpjün etmek üçin, harby kömek paketine gaýtadan seretjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG