Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleri Aşgabatda duşuşýar


Illýustrasiýa suraty. Aşgabat
Illýustrasiýa suraty. Aşgabat

23-nji sentýabrda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirilýär. Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany bu ynsanperwer birleşigiň ýerine ýetirýän funksiýasy, onuň maslahatynda gozgalýan we gozgalmaýan meselelere gönükdirildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 6-njy sentýabrda geçiren hökümet mejlisinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatynyň 23-nji sentýabrda geçiriljekdigi habar berildi.

TDH bu foruma dünýäniň dürli döwletlerinden çagyrylan wekilleriň, şol sanda Türkmenistanda işleýän we ýaşaýan daşary ýurtly türkmenleriň gatnaşjakdygyny habar berýär.

Resmi maglumatda aýdylmagyna görä, bu ýyl maslahatda ynsanperwer birleşigiň ýylyň dowamyndaky işiniň netijeleri barada hasabat diňlener, birleşigiň agzalary öz alyp baran işleri barada gürrüň bererler.

Hökümet mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly türkmenler bilen alnyp barylýan işiň many-mazmunyny we ugurlaryny giňeltmegiň, telekeçilik ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

23-nji sentýabrda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirilýär. Dünýä Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany bu ynsanperwer birleşigiň ýerine ýetirýän funksiýasy, onuň maslahatynda gozgalýan we gozgalmaýan meselelere gönükdirildi.

Gepleşigimiziň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň müdiriýetiniň ozalky agzasy, şol sanda Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady bilen geçirilen söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Dünýä türkmenleri Aşgabatda duşuşýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:01 0:00


XS
SM
MD
LG