Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington Eýrany dünýä energiýa üpjünçiligine görülmedik hüjümde günäkärleýär


"Hüjümiň Ýemenden gelendigine subutnama ýok” diýip, Pompeo öz twitterde galdyran ýazgysynda aýtdy.
"Hüjümiň Ýemenden gelendigine subutnama ýok” diýip, Pompeo öz twitterde galdyran ýazgysynda aýtdy.

ABŞ-nyň Eýrandan görýän dron hüjümleri 14-nji sentýabrda Saud Arabystanynyň nebit önümçiligini ýarpy möçberinde hatardan çykardy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo şol gün Tähran global energiýa üpjünçiliklerine “görülmedik hüjüm etdi” diýdi.

Öňdebaryjy respublikan kanun çykaryjysy Lindsey Graham sosial mediada “eger-de olar öz prowokasiýalaryny dowam etdirseler ýa-da uran baýlaşdyrmaklaryny artdyrsalar”, Eýranyň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryna hüjüm etmek barada oýlanmagyň “wagty” geldi diýip ýazdy.

Ýemende Eýran tarapyndan goldanylýan huti pitneçileri Saud Arabystanynyň gündogar tarapyndaky nebit kärhanalarynyň ikisine edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Bu hüjüm nebit önümçiliginiň günde 5.7 million barrel azalmagyna, patyşalygyň çykarýan nebitiniň ýarpa golaý kemelmegine, dünýäniň gündelik nebit önümçiliginiň 5 prosent aşaklamagyna täsir ýetirdi diýip, “Roýters” we “Wall Street Journal” habar berdi.

"Hüjümiň Ýemenden gelendigine subutnama ýok” diýip, Pompeo öz twitterde galdyran ýazgysynda aýtdy we Eýranyň prezidenti Hassan Rohanini hem-de daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi galp diplomatiýada aýyplady.

XS
SM
MD
LG