Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Gyzyl haç guramasynyň Owganystandaky howpsuzlyk kepilligini dikeldýär


Owgan erkegi oglunyň Halkara Gyzyl haç komitetiniň Kabuldaky Ortopediýa merkezinden alnan ýasama aýagyny berkidýär. 21-nji maý, 2019
Owgan erkegi oglunyň Halkara Gyzyl haç komitetiniň Kabuldaky Ortopediýa merkezinden alnan ýasama aýagyny berkidýär. 21-nji maý, 2019

Owgan “Talybany” 15-nji sentýabrda Halkara Gyzyl haç komitetine girizen gadaganlygyny ýatyrdy we bu garamanyň işgärleriniň Owganystanda alyp barýan ynsanperwerlik işleriniň howpsuzlyk kepillendirmesini dikeltdi.

"Yslam emiraty Halkara Gyzyl haç komitetiniň Owganystandaky ynsanperwerlik işleriniň ozalky howpsuzlyk kepillendirmesini dikeldýär we mujahiddinleriň ählisine bu guramanyň işlerine ýol bermek, komitetiň işgärleriniň we enjamlarynyň howpsuzlygy meselesine aýawly garamak barada görkezme berildi” diýip, “Talybanyň” beýanatynda aýdylýar.

“Talyban” aprelde Halkara Gyzyl haç komitetiniň we Halkara Saglyk guramasynyň Owganystandaky işlerine gadaganlyk girizdi.

Jeňçi topar şonda bu iki guramanyň sanjym kampaniýalary bilen baglylykda “şübheli” işleri edýändigini öňe sürüpdi.

15-nji sentýabrdaky beýanatda DSG agzalmaýar.

XS
SM
MD
LG