Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Kaşmir üstünde dörän dartgynlyklaryň TOPH taslamasyna täsir ýetirmejegini aýdýar


TOPH-yň Owgan böleginiň başlanmagynyň dabarasy. Arhiw suraty
TOPH-yň Owgan böleginiň başlanmagynyň dabarasy. Arhiw suraty

Pakistanyň hökümet resmisi Nýu-Deli bilen Yslamabadyň arasynda Kaşmir üstünde dörän dartgynlyklar TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň gelejegine täsir ýetirmez diýdi.

"Pakistan Türkmenistany Hindistan bilen arada ýokarlanýan dartgynlyklaryň mega taslama täsir ýetirmejegine ynandyrdy” diýip, ol resmi altynjy gün “The Express Tribune” neşirine aýtdy.

“Pakistan bilen Hindistanyň arasynda Kaşmir üstünde oňşuksyzlyk bar, emma ol TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna täsir ýetirmez” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Döwletara gaz ulgamy birnäçe iri gaz geçiriji taslamasynyň, şol sanda TOPH-yň, Demirgazyk-Günorta we deňiz gaz geçiriji taslamalarynyň üstünde işleýär. Mundan başga, kompaniýa, ýurtdaky energiýa howpsuzlygy talaplaryny üpjün etmek maksady bilen, ýerasty gaz ammarlaryny hem gurmagy planlaşdyrýar.

TOPH merkezi we günorta Aziýany birleşdirjek parahatçylyk gaz geçirijisi bolar öýdülýär. Şeýle-de bu taslama, eger-de başa barsa, regionyň ýurtlaryny awtoulag ýoly, demir ýol, süýüm-kabel aragatnaşygy bilen baglanyşdyrar.

Synçylar TOPH geçirijisiniň amala aşmagynyň öňünde howpsuzlyk aladalaryndan başga maliýe meseleleriniň hem durandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG