Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda garaşsyzlyk baýramyna gabat täze nusgaly altyn-kümüş önümleri öndürilýär


Türkmenebatda öndürilen altyn bilezikleri.
Türkmenebatda öndürilen altyn bilezikleri.

Lebap welaýatynyň merkezinde ýerleşýän “TürkmenAltyn” zawody ýurduň garaşsyzlyk gününe gabat altyn-kümüş şaý-sepleriň täze nusgalaryny öndürýär diýip, TDH 17-nji sentýabrda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, häzirki günde bu kärhananyň öndüren altyn-kümüş şaý-sepleriniň nusgalarynyň sany 3 müňden geçýär. Olar ýüzüklerden, zynjyrlardan, broşkalardan, gulakhalkalardan, bileziklerden we beýleki şaý-sep önümlerinden ybarat.

Aýdylmagyna görä, bu kärhana ýylyň başyndan bäri 5,5 million manatlyk önüm öndürdi we ol önümler alyjylaryň isleglerine laýyklykda taýýarlanýar.

Türkmenistanda ozallar altyn şaý-sepler esasan başga ýurtlardan getirilerdi. Ýöne soňky wagtlarda türkmenistanlylaryň, ýurtda çuňlaşýan ykdysady krizis bilen baglylykda, daşary ýurtlara, hususan-da Hindistana gaçak altyn çykaryp, ele düşýändigi hakynda habarlar çykýar.

XS
SM
MD
LG