Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda bir günde azyndan 50 adam öldürildi


 Kalat şäheri
Kalat şäheri

19-njy sentýabrda Owganystanda howa zarbasy we ulag partlamasy netijesinde azyndan 50 adam öldürildi.

Bu hüjümler ABŞ-nyň parahatçylyk wekili Zalmaý Halilzadyň “Talyban” bilen geçirilen parahatçylyk gepleşikleri barada ABŞ kanun çykaryjylarynyň soraglaryna jogap bermäge taýýarlanýan wagtynda boldy.

Resmiler owgan howpsuzlyk güýçleriniň uran howa zarbasynda azyndan 30 sany asuda adamyň öldürilendigini, 40-dan gowragynyň ýaraly bolandygyny, ýurduň günortasynda guralan ulag partlamasynda 20 adamyň ölüp, 100 çemesi adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Howa zarbasy “Yslam döwleti” toparynyň bukusyny weýran etmek üçin uruldy, emma atdanlykda golaýdaky ekin meýdanlarynyň daýhanlary nyşana alyndy diýip, üç hökümet resmisi aýtdy.

Gündogardaky Nangarhar welaýatynyň welaýat geňeşiniň agzasy Sohrab Kaderi howa zarbasynda hoz hasylyny ýygnaýan 30 işçi öldürildi, 40 adam ýaralandy diýdi.

Owganystanyň Zabul welaýatynyň gubernatory Kalat şäherinde aňtaw gulluklarynyň binasyna edilen ulag bombasy hüjüminde azyndan 20 adamyň ölendigini, onlarça adamyň ýaraly bolandygyny aýdýar.

Rahmatullah Ýarmal 19-njy sentýabr güni irden AFP habar agentligine bu hüjümiň şäher hassahanasyna hem zeper ýetirendigini aýtdy.

Resmiler Tolo Newse ýaraly bolanlary Kandahar şäherindäki hassahanalara äkitmek üçin Kandahardan hem “Tiz kömek” maşynlarynyň çagyrylandygyny aýtdylar. Pidalaryň köpüsi hususy hassahanalara alnyp gidildi.

Welaýat geňeşiniň başlygy Atta Jan Hakbaýan ölenleriň sanynyň köpelmeginiň ahmaldygyny, halas edijileriň işlerini dowam etdirýändigini aýtdy.

“Talybanyň” sözçüsi Kari Ýousuf Ahmadi bu hüjümi öz toparynyň gurnandygyny, onuň Milli howpsuzlyk müdiriýetini nyşana alandygyny aýtdy.

"Talyban" 17-nji sentýabrda guran iki hüjüminde 48 adamy öldürdi.

XS
SM
MD
LG