Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen pälwanlary Nur-Soltanda ýeňildi, döwlet eýeçiligindäki media dymýar 


Aşgabat. Türkmenistanyň Olimpiada toplumynyň binasy
Aşgabat. Türkmenistanyň Olimpiada toplumynyň binasy

Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda 14-22-nji sentýabr aralygynda sport göreşi boýunça dünýä çempionaty geçirilýär, emma Türkmenistan eýýäm öz ýaryşlaryny tamamlady diýip, “Gündogar” neşiri 21-nji sentýabrda habar berdi.

Nur-Soltanda göreş boýunça 2019-njy ýylda geçirilen Dünýä çempionatyna Türkmenistandan Myrat Hojanepesow, Kerim Hojakow, Batyr Borjakow, Döwletmyrat Orazgylyjow (erkin göreş boýunça), Seýdulla Tazaýew, Şermet Permanow, Şihazberdi Owelekow (grek-rim göreşi boýunça) dagy gatnaşdy.

2019-njy ýylyň dünýä çempionaty boýunça türkmen pälwanlarynyň hiç birine 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma almak başartmady diýip, “Gündogar” ýazýar.

Neşiriň maglumatyna görä, indi olaryň Olimpiýada gatnaşmak hukugyny almaklary üçin 2020-nji ýylda olimpiýa oýunlaryndan öň geçirilýän kontinental we dünýä kwalifikasiýa ýaryşlarynda birinji ýa ikinji orunlaryny eýelemekleri zerur.

Türkmenistanyň sport abraýyny ýokarlandyrmak, türkmen türgenleriniň halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda gowy netijeleri gazanmagy üçin ähli şertleriň döredilendigini, ýurtda milliardlarça dollar serişdä durýan sport desgalarynyň gurlandygyny gaýtalaýan türkmen metbugaty pälwanlaryň Nur-Soltandaky göreşleri barada maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG