Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti BMG-ä howpsuzlyk planyny hödürlemegi wada berýär


 Hassan Rohani
Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Pars aýlagyndaky daşary ýurt güýçlerinden abanýan “howpa” salgylanyp, öz ýurdunyň BMG-ä regional parahatçylyk we howpsuzlyk planyny hödürlejekdigini aýtdy.

Ol eýran telewideniýesinde Eýranyň 1980-88 nji ýyllarda goňşy Yrak bilen bolan weýrançylykly urşunyň bir hepdelik ýatlama çäreleriniň başlanmagy mynasybetli gürrüň etdi. Bu çäreler wagtynda harby paradlary we beýleki resmi çäreleri gurap, Eýranyň harby kuwwatyny görkezmek planlaşdyryldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda, 24-nji sentýabrda başlanýan mejlislerine, beýleki dünýä liderleri bilen bilelikde, Rohani hem gatnaşýar.

"Daşary ýurt güýçleri biziň adamlarymyz we biziň regionymyz üçin problemalara hem-de howp-hatarlara sebäp bolýar” diýip, Rohani 22-nji sentýabrda Eýranyň 81 million ilatyna niýetlenen telewideniýe çykyşynda aýtdy.

Ýakyn Gündogardaky dartgynlyklar golaýda saudlylaryň nebit desgalaryna edilen hüjüm üstünde ýokarlandy, Waşington munuň Eýranyň işi bolmak ähtimallygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG